Mazmuny
Türkmen halky hemişe kitaby uly miras hem tapylgysyz baýlyk ornunda görüpdir. Türkmenistanyň Milli Medeniyet “Miras” merkezi geçmişden galan ata –babalarymyzyň kitap mirasyny ýene türkmenleriň özüne gaýtaryp bermek ugruna tutanýerli işleýar.
Geçmişde türkmen milleti öz medeni mirasyny gorap saklamak üçin hemme synaglara döz gelipdir.
Eger ýadyňyza düşýän bolsa, Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasynda Welmyrat aga Türkmen edebiýatynyň beýik milli we halk şahyry bolan Magtymgulynyň golýazmasyny örän kynçylykly döwre garamazdan miras hökmünde gorap saklamak üçin öz gündelik durmuşynyň gazanjynyň ýeke-täk çeşmesi bolan, başgaça aýdylanda bary-ýogy, buýsanjy bolan guba düýesini orta goýandyr..
Sözlemleriň açary
Kitaplar hem uly mirasdyr. Kitaplar hem tapylgysyz baýlykdyr. Kitap okama endigi.
Giriş
Kitap okamagyň beýnimize täsiri
Kitap okamak ynsan beýin ulgamyny oýaryp hereket etdirýär.
Kitap okamak ynsan ösüşinde ullakan bir täsiri bardyr. Okamak ynsanlaryň düşünjesini we pikirlenip bilmek ukybyny ösdürýändir.
Kitap okamagyň peýdalarynyň biri-de stresi azaldýandygy ylmy taýdan subut edilendir. Işden gelensoň, özüňizi ýadaw duýýan bolsaňyz ýatmazdan owal birnäçe sahypa kitap okamak siziň ýadawlygyňyzy gidermäne kömek eder.
Kitap okamagyň iň beýik peýdalarynyň biri hem siziň söz baýlygyňyzy artdyrýanlygydyr. Kitaplardan giňişleýin biziň günlük durmuşymyzda ulanylmaýan sözleri öwrenip, gürrüňdeş bolan adamlaryňyza tasirli söhbetler açyp bilersiniz.
Okamak ünsi artdyrmak bilen birlikde özüňize bolan ynamyňyzy artdyrar.
Aýratyn hem garry adamlarda görülen yatkeşligini ýitirme meselesini kitap okamak bilen öňüni almak mümkindir. Kitap okaýan adamlarda ýatleşligi ýitirme keseli bolan Alzeimer okamaýan adamlara görä %50 göterim azdyr. Beýni dowamly işletmegiň iň gowy ýoly kitap okamakdyr. Bularyň hemmesi ”Näme üçin kitap okamaly” diýen soraga dogry jogap bolsa gerek.
Günlük durmuşda başymyzdan geçen kynçylyklar käte bizi hiç zada höwessiz ýagdaýa itekläp biler. Aýratyn hem, edebiýatdaky kitaplary okamak size başgaça dünýägarayşa eýe bolmagyňyza kömek edip biler. Kitap okayan adamlaryň ýaşaýşa bolan höwesi elmydama möwç alar.
Uklap bilmeýän adamlara alymlar kitap okamagy maslahat berýärler we bu ylmy taýdan subut edilen bir taktikadyr. Ýatmazdan öň birnäçe sahypa ýa-da birnäçe bent okamak siziň rahatlamagyňyza kömek eder(Ylmy barlag)
Ukyply, dünyägarayşy giň nesil – kitap okamany ýaşaýşynyň belli bir bölegi hasaplaýan adamlara aýdylýar. Ukybyň kitap okamak bilen baglanyşykly bolýanlygyny şeýle aytsak bolýar. Kitap okan adam sabyrly bolmaga öwrenişenligi üçin bir iş edýän wagty kösenmän soňuna çenli beýik işjeňlik bilen ýerine ýetirýär. Pikirlenme ukyby ösenligi üçin etjek zadyny öňünden oýlanyp aňynda janlandyrýar. Wagty ulanmagy has oňat bilýänligi üçin etjek bolýan işini wagtynda eder. Okamak adamda öwrenmäge bolan höwes döredýär şeýle hem, öwrenmedik zatlaryna gyzyklanlamaga başlaýar. Ukyply adamlar hemişe öwrenmäge dowam edýär. Ätdikleri ädimleri we eden her bir işini pikirlenip paýhasly işler edýärler. İşine hemmetaraplaýyn döredijilikli çemeleşýär. İşjeň adamlar sport bilen meşgullanmagyň saglyga peýdalydygyny bilýärler. Bularyň hemmesi durmuşda ukyply bolmagyň, üstünlikler gazanmagyň syrlary bolup durýar.
Kitaplaryň durmuşymyzdaky orny
Ene-atalaryň çagalaryna kitap okamagy endik etdirmek iň uly wezipesi bolup durýar. Kitap okaýan ene-ata öz çagalaryna görelde bolup, olaryň kitap okamagy endik edinmegine ullakan täsiri bardyr.
Söz baýlygyňyz artyp, bilýän zadyňyz köpeler we bu size özüňizi has gowy beýan etmegiňize kömek eder. Söz baýlygyna eýe bolan adamlar hem işde hem de durmuşda üstünlik gazanmagy has aňsatdyr.
Kitaplaryň in gowy dostdygyny ýygy ýygydan eşidýänsiňiz. Gündelik ýaşaýyş durmuşymyzyň hemme ýerinde hemişe iň ýakyn dostumyzdyr. Kitap okaýan adamlar özüni ýalňyz duýup durmazlar. Sebäbi olar boş wagtlaryny kitap okap geçirenligi üçin başga dostluklara mätäç bolmazlar.
Daş-töwerekde bolup geçýän wakalary dogry tarapdan görüp bilmek üçin elmydama beýnimizi işletmegimiz gerek, bu bolsa kitap okamak bilen mümkin bolýandyr. Zehiniňizi ösdürmek üçin kitap okamak elbetde, iň gowy ýollaryň biridir.
Adamlaryň durmuşynda käbir döwürlerinde möhüm kararlar bermeli ýagdaýlary bolup bilýar, bu döwürlerde köp kitap okaýan adamlar ýagdaýyň hem peýdaly hem zyýanly tarapyny ölçäp iň dogry kararlary bermäge ukyplydyr
Türkmen edebiýaty başymyzyň täji
Beýik şahyr Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli-dürli taraplaryny öz içine alýar. Magtymgulynyň döredijiligini örän oňat bilýän, gündogary öwreniji E.E.Bertels ony Jemşidiň jamy bilen deňeşdirýär.
Jemşidiň jamy ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy bilmek, isleýän meseläňi tapmak bolýar. Magtymguly türkmen klassyky edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan general şahyrdyr.
Magtymguly türkmen şahyrlarynyň köpüsiniň halypasydyr. Magtymguly öz döwürdeşlerine we özünden soňky ýetişen şahyrlaryň döredijiligine uly täsir edipdir. Bu täsir, ylaýta-da Zeliliniň, serkerde şahyr Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň döredijiliginde görünýär.
ÝUNESKO tarapyndan kabul edilen dünyä döwletlerinde okaýan we ýazýanlaryň sanawy – elimizdäki grafiklere görä, iň köp okaýan we ýazýan döwletleriň başynda Hytaý Halk Respublikasy gelmek bilen dowamynda Italiýa, Beýik Britaniýa, Amerika, Ispaniýa, Estoniça öz ýerini alypdyr. Şeýle hem Türkmenistanda okaýan ve ýazýan adamlaryň sany %99,7 göterim bolup durýar. Yöne gynansagam, Afrika we Owganystan ýaly döwletlerde okaýan ve ýazýan adamlaryň iň az yaşaýan ýerleri diýip hasap edilipdir. Bu sanawa gatnaşmadyk döwletlerem bardyr.(YUNESKO- 2015 grafikasy)
Maksat goýmak: kitaphonlar her aýda ýa-da ýylda okajak kitaplary barada öňünde maksat goýýarlar. Kitaby ýaşyňyza we bilim derejäňize görä saýlamagy unutmaň! Gyzyklanýan zadyňyz barada okap başlamak siziň okamak endigi edinmegiňize ýardam eder. Okan kitaplaryňyzyň durmuşda we okuwda siziň başarnygyňyzy artdyrjakdygyny unutmaň!
Sanaw düzmek: ýylyň dowamynda okajak kitaplaryňyzyň sanawyny düzüp, soňra olary aýlara bölüň! Bu barada mugallymlaryňyzdan ýa-da kitap okamagy halaýan deň-duşlaryňyzdan maslahat soraň! Sanawy taýýar edeniňizden soňra, oňa başlamaly we gutarmaly senesini hem ýazyň. Kitap okamaly wagt aralygy gaty uzyn hem bolmaly däl. Eger kiçiräk kitap üçin uzak wagt kesgitleseňiz, okamak endigiňiziň ýitmegi mümkin. Kitaby okaýarkaňyz ýa-da okap bolanyňyzdan soň, öz pikirleriňizi ýazmagy öwreniň! Bu bellikler siziň maglumat goruňyzyň artmagy üçin örän peýdaly bolar.
Her günde belli bir sahypa okamak: gowy netije almak üçin her günde yzygiderli okamagy ýatdan çykarmaň! Her günde okamaly sahypaňyzy kesgitläň we şondan az okamajak boluň! Belli bir wagt geçenden soňra kitap okamaga howlugarsyňyz. Maksadyňyz kitaby gysga wagtda tamamlamak däl-de, oňa düşünmek bolsun! Ýagny, okamak üçin okamaň! Tamamlan eseriňizi başga birine gürrüň berip biljek derejede düşünen bolmalysyňyz.
Dogry ýeri saýlaň: Isle howluda, isle seýilgähde kitap okap bilersiňiz. Emma sizi okamaga höweslendirjek ýerde okaň! Mysal üçin, stolda okamagy halaýan bolsaňyz, stolda okaň! Häzirki wagtda elektron kitaplar, bu kitaplary okamaga niýetlenen ýörite mobil enjamlar hem az däl. Muňa garamazdan, elektron enjamlaryň çap edilen adaty kitaplaryň ornuny tutup bilmejekdigini aýdýanlar hem az däl. Siz özüňiz üçin haýsysy amatly bolsa, şony saýlaň!
Bu endikleriň hemmesi dogry ýöne edip bilemok diýýän bolsaňyz:
Kitap okamagy öz islegimiz bilen her gün ýerine ýetirmegimiz kyndyr. Şonuň üçin sistematik taýdan ornaşdyrmaga başlamaly.
Gündelik – biz bir günüň içinde näme edýän bolsak şondan ybarat bolup durýar. Endik gysga wagt dowam etmeli şeýle hem gyzykly zatlardan ybarat bolmaly.
Yzarlamak – edilen işi yzarlamak dogry ýolda bolanlygymyzyň şaýadydyr. Yzarlamak hem az wagt almalydyr.
Ölçemek – ölçäp bilen hemme zadyňyzy ýokary sepgide çykaryp bilersiňiz.
Günde okamaly kitap sahypasynyň sany
Günde okamaly wagty
Birinjisi günde okalan kitap sahypasynyň sany bu siziň haýal ýa-da çalt okaýandygyňyza bagly bolup durýar. Sahypa sanyny özüňize göre belläň.
İkinjisi günde kitap okaýan wagtyňyzdyr. Ortalama sagat näçede boş wagtlaryňyz bar bolsa şol wagty saýlaň. Näçe minut okap biljekdigiňizi synap görüň şoňa göra, wagt goýuň.
Hiç haçan özüňizi başga adamlar bilen deňeşdirmäň. Özüňize 1-den 10-a çenli baha beriň.
(Aristo, Peter Drucker, Robin Sharma)
Sesli ýa-da sessiz okamak
Käbirimiz sesli okan wagtymyz düşünýäris, käbirimiz bolsa sessiz okanymyzda aklymyzda janlanýar. Bularyň ikisini hem özümize endik ýagdaýyna getirsek, okuwyň kitaphanasynda, synpymyzda, öz otagymyzda, awtobusda, uçar ýaly sesli we sessiz ýerlerde ünsümiz bölünmän okap bileris.
Umuman aýdylanda okamaga, gyzyklanmaga, döretmäge hemişe dowam edeliň!!!
Maýa Saparkulowa, Alanýa Alaaddin Keýkubat uniwersitetiniň talyby.