GENERAL

Kitap – akyl-paýhasyň gönezligi

Taryhy geçmişimizden bilşimiz ýaly, dünýäniň ähli halklary hem kitaba uly sarpa goýup, ony durmuşyň bezegi, ýaşaýşyň manysy hasaplapdyrlar. Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan ata-babalarymyzyň arasynda hem sowatly, kitaphon adamlar, danalar, akyldarlar kän bolupdyr. Ine, şeýle adamlar hem halk arasynda bolup, köne ýazuwda bolan kitaplary köpçülige okap beripdirler, adamlaryň dynç alyş wagtlaryny gowy guramaklaryna ýardam beripdirler. Aslynda sada, daýhan, çarwa adamlaryň arasynda-da, özi okap bilmese-de, kitaby ýürekden söýýän kitaphon adamlar bolupdyr. Muňa türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasyndaky Welmyrat aganyň obrazy arkaly hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Kitap okap bilmeýän, sowatsyz Welmyrat aga bir üýşmeleňde beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny diňläp,  kitabyň eýesine ýalbaryp, işigindäki guba düýesi bilen şol ajaýyp kitaby çalyşýar.  Emma kitaby okap, halka hezil beren sowatly adam gaýdansoň, kitaby okap bilýän adamynyň bu obada ýokdugy Welmyrat aganyň ýadyna düşýär. Emma Welmyrat aga gynanmaýar, çagalarynyň ýetişip, sowatly bolup, kitaby okap berjekdigine ynanýar. Okap bilmese-de, ol kitaby gymmatly baýlyk, hazyna hökmünde aýawly saklaýar. Çünki ýaşuly durmuşyň, ýaşaýşyň manysyny şol kitapda görýär. Ol entek şeýle ajaýyp şygyrlary diňläp görmän eken. Ahyry onuň uly ynam bilen garaşan günleri hem gelip ýetýär, Welmyrat aganyň guba düýe berip alan kitaby göçürilip alnyp, neşir edilip, ähli halka elýeterli edilýär. Indi kitaby okuwa gatnap başlan çagalar hem okap bilýär.  Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dürli dillere terjime edilip, dünýä halklary tarapyndan hem söýlüp okalýar. Türkmen klassyk şahyrlary Keminäniň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň goşgulary hem akyl-paýhas öwredýär. Ol goşgularyň özenini öwüt-ündewler tutýar. Bu şahyrlaryň döredijiligi mekdep maksatnamasyna hem girýär.

Danalaryň, akyldarlaryň döreden gymmatly eserleriniň golýazmalary, göçürme nusgalarynyň köp bölegi Türkmenistanyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly arkaly alnyp gidilip, dünýä medeniýetiniň hazynasyna gymmatly goşant bolup giripdir. Şu ýol bilen gatnan dürli milletlerden bolan täjirler, syýahatçylar, dürli maksatlar bilen türkmenleriň arasyna gelmek miýesser eden adamlar alyp giden golýazmalaryny öz ýurtlaryndaky kitaphanalara, ýörite golýazmalaryň saklanylýan ýerlerine tabşyrypdyrlar. Häzirki zamanda şol golýazma kitaplary ýüze çykarylyp, olaryň göçürme nusgalary ata Watana getirilip, düşnükli dile geçirilýär, kitap edilip halka ýetirilýär. Bular barada metbugat sahypalarynda maglumatlar kän.

Kitap her bir zamanda-da halkyň gündelik durmuşynda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Akyl hazynasy hasaplanylýan kitaplar adamynyň tutuş süňňüne, kelle beýnisine, bedenine täsirini ýetirýän ruhy gymmatlykdyr. Kitap okamak adama dynç berýär, ruhuny baýlaşdyrýar, dünýä garaýşyny giňeldýär. Men entek mekdebe barmankam, 4-5 ýaşlarymda kakam maňa çagalar üçin niýetlenen ensiklopediýalary, dürli halklaryň ertekilerini getirip berýärdi. Men ilki suratlary görüp, enemiň-atamyň okap bermeginde diňläp, köp zatlary öwrendim. Şol ýyllardan başlap, kitaba bolan söýgim artyp başlady.  Kitaplar meni çagalykdan jadylap goýupdy. Ulaldygymça olar meniň hakyky dostlaryma öwrüldi.

Kitaplara danalaryň, akyldarlaryň pähim-paýhasy siňipdir. Men kitaplardan Watany, iliňi-halkyňy, ene-ataňy, umuman, tutuş tebigaty, ýaşaýşy söýmegi öwrendim. Zähmetsöýerligi, ýagşy gylyk-häsiýetleri hem kitaplaryň položitel gahrymanlaryndan  öwrenmek bolýar. Kitap akyl-paýhasyň gönezligi. Şonuň üçin hem, biziň zähmetsöýer ata-babalarymyz kitaby ýedi hazynanyň biri hasaplapdyr. Bu gürrüňleri ýaşululardan kän eşitmek bolýar. Kitaplary okap, örän köp ýagşy gylyk-häsiýetleri öwrenmek mümkin. Belli fransuz ýazyjysy Wolteriň “Gowy ýazýan ýazyjyny okap, gowy gürlemäge endik edersiň” diýen sözlerini okamak miýesser edipdi. Köp okamaklyk adamyny hemme tarapdan kämilleşdirýärmikä diýýärin. Çünki her bir okyjynyň kitaplardaky položitel gahrymanlara meňzäsi gelýär. Eserleriň položitel gahrymanlarynda gowy häsiýetler jemlenýär. Olar kynçylyklaryň öňünde ýaýdanmaýarlar. Olar Watany ýürekden söýýärler, hemmeler bilen sypaýy gürleşmegi başarýarlar. Eserlerdäki otrisatel gahrymanlaryň hereketlerine bolsa, okaýan adamda gahar-gazap duýgusy döreýär. Köp kitap okan adam ähli tarapdan kämil bolýar.

Hakykatdan-da, kitaby köp okaýan adamynyň aňy ýitileşýär, sowatlylyk derejesi gitdigiçe artýar. Ol adamlar bilen gatnaşygynda gowy sözlemegi, asylly, saýhally bolmagy öwrenýär. Çünki ol köp kitap okaýar, söz baýlygy artýar. Akylly adamlar mydama köp okamagyň aladasynda. Ýalta adamlar bolsa okamak hakda pikir hem edenoklar. Köp okaýanlar gitdigiçe akyllanýar, paýhaslanýar. Kitap okaýan adamynyň ýady hem berkleşýär, ýatkeşligi artýar, sebäbi beýni okalýan wagty işläp dur, okamasaň, ýazmasaň ýat hem gowşaýar. Ylmy maglumatlara görä, adamynyň beýnisi bedenine bap gelmeli, şeýle bolan ýagdaýda beden gitdigiçe ýaşlaşýar, çünki kitap okalanda beýni yzygiderli işläp durýar. Diýmek, kitap okamagyň adam bedenine täsiri güýçli. Kitaby köp okamak öz-özüňe ynamyňy artdyrýar. Daş-töwerekdäkiler köp bilýänligiň üçin seni sylap başlaýarlar we saňa bolan ynamlary güýçlenýär. Kitaby köp okamak bilen akylyň, beýniň üçin ruhy iýmit toplaýarsyň. Kitap wagtyňy hoş geçirmegiň, peýdaly ulanmagyň hem esasy serişdesidir. Men ýetginjeklik döwrümden başlap kitap baradaky maglumatlary köp okadym. Menem ilki-az-azdan okap başladym welin, soň örän köp okamaklyga endik etdim, kitaby goýar ýerde goýup bilmän, yzygiderli okamaga gyzyklanyp başladym.

Enem bilen mamam maňa halkyň ýatdan aýdylýan  folklor eserleri – nakyllar, matallar, ertekiler, rowaýatlar, hüwdüler…  hakda kän gürrüň beripdiler. Mamam bu eserleriň ýazuw üsti bilen häzirki döwre gelip ýetmedik bolsa-da, halk arasynda ýatdan aýdylyp gelen iň beýik kitapdygy hakda aýdypdy. Ata-babalaryň pähim-paýhasy siňen bu eserler häzirki döwürde neşir edilýär. Olardan köp zat öwrenmek bolýar. Halkyň döreden folklor eserleri çap edilip başlanda, mamam “Görogly” eposyny ilkinji gezek satyn alşyny, ony gaýta-gaýta hemmelere okap berendigini aýdypdy. Ol wagtlar mamam 8-nji synpda okaýar ekeni. Bu waka 1958-nji ýylda bolupdyr.  Adamlar uzyn nobata durup, “Göroglyny” satyn alypdyrlar. Elbetde, “Görogly” eposy mekdeplerde hem edebiýat sapagynda geçilýär. Mamamyň görnükli türkmen ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romanyny ondan hem birki ýyl öň  kitap dükanyndan satyn alyp, ony hem töwerek-daşyndakylara ençeme gezek okap berenligi baradaky gürrüňleri has  gyzyklydy. Has dogrusy, biz üçin iňňän geňdi. Häzirki döwürde biz islän kitabymyzy tapyp, okap bilýäris, kitaphanalar biziň hyzmatymyzda.

Kitap okamak hakda başga-da köp zatlar aýdyp boljak. Bi zady welin aýtmaly. Gazetlerde bir makala gabat gelipdim. Asyl ýazyjy-şahyrlaryň özleri hem kitaba uly sarpa goýup, ýazmagy kitapdan öwrenipdirler. ХVIII-ХIХ asyrlarda Türkiýede ýaşan milleti türkmen bolan şahyr Mir Hasan Sedaýy kitap hakda bir gazal ýazypdyr. Ol goşgynyň käbir setirleri gazetde mysal alnan ekeni. Ine, ýazyp alan setirlerim:

Isteseň bir piri kämil, ýa tebip her bir kesel,

Rehberi dünýäýi, daýym derdiňe dermandyr kitap.

Eý, Sedaýy, her kitaby totyýa dide kyl,

Bolsa her müşgilleriň, eýlegeý, asan kitap.

Men bu sözleriň manysyny enem bilen mamamdan sorap öwrendim. Şahyr kitabyň dünýäde ýol görkezijidigini, azaşsaň, dogry ýola salmagy başarýandygy, kynçylyklary aňsat edýänligi,  ony örän gowy saklamalydygy hakda gürrüň berýän ekeni. Beýle mysallar gözläberseň, az däl. Beýik akyldarlar kitap hakda gymmatly sözleri ýazgy edip galdyrypdyrlar. Olar kitap okamagy, durmuşyň manysyny kitapdan öwrenmegi nesillere maslahat beripdirler. Akyldar alymlar hem kitap okap, özleriniň söz baýlygyny artdyrypdyrlar. Her bir şahyr, akyldar özünden öň ýaşap geçen alymlaryň, şahyrlaryň eserlerini okap, özleriniň dünýägaraýşyny has baýlaşdyrypdyrlar. Kitap – ruhy hazyna. Ol hazyna altyndan hem arzyly, gymmatly baýlyk. Ol hazyna adama ömrüniň ahyryna çenli ýoldaş bolsa, oňa manyly ýaşamaga kömek eder. Çünki kitap ýoluny ýitirene dogry ýola düşmäge ýardam berýär, gam-gussadan daşlaşdyrýar,  ruhuny täzeleýär. Pikirleniş ukybyny artdyrýar. Okyjynyň sözlük zapasyny baýlaşdyrýar. Men muny öz mysalymda duýdum. Belli rus ýazyjysy Lew Nikolaýewiç Tolstoýyň  “Uruş we parahatçylyk” atly romanyny okap çykanymdan soň men özümde uly özgerişleriň bolandygyny aňladym. Urşuň, parahatçylygyň nähilidigine göz ýetirdim, durmuşa, ýaşaýşa söýgim has güýçlendi. Daş-töweregimdäkiler bilen gürrüňleşemde has mylaýymlaşdym, ulanýan sözlerimiň sany göz-görtele artdy. Adamlar bilen ysnyşykly, dostlukly aragatnaşykda bolmagy hem kitapdan öwrenip bolýar.

Belli ýazyjy Artur Konan Doýluň “Şerlok Holmsyň başdan geçirenleri” atly kitabyny okanymda, özümiň aňymyň has durlanandygyny, baýlaşandygyny, dünýä garaýşymyň giňelendigini duýdum. Şeýle detektiw kitaplary okamak maňa has hem ýakymly täsir edýär. Eserleriň gahrymanlary meniň köne dostlaryma, tanyşlaryma öwrüldi. Men ol gahrymanlaryň begenjine begendim, gynanjyna gynandym. Olar iň ýakyn adamlarym boldular. Birnäçe wagt geçirip, öňki okan kitabymy okasam, köne tanyşlarymy gören ýaly bolýardym. Keýpim kök bolmadyk wagty kitap okasam, keýpim kök bolup, özümi gowy duýup başlaýaryn. Gijäniň ýaryna çenli okasaň hem gyzykly kitaby goýup bolmaýar. Men şu zatlary özüm başymdan geçirenim üçin kitabyň ähmiýetine düşündim. Men her bir ýazyjynyň eserini öz ýazan dilinde okamak islegi bilen joşýaryn. Şu maksat bilen dilleri öwrenip başladym Rus ýazyjylarynyň eserlerini rus dilinde, türkmen kitaplaryny türkmen dilinde, türk kitaplaryny türk dilinde, iňlis edebiýatyny iňlis dilinde okar ýaly derejede öwrendim. Häzirki döwürde bolsa italýan dilini öwrenýärin.

Diňe proza eserlerini okamak bilen çäklenmeli däldigini ýatlasym gelýär. Men özümem poeziýa eserlerini okamagy has gowy görýän, sebäbi goşgy okamak adama has güýçli lezzet berýär. Poeziýa eserlerinde şahyr öz kalbyndaky tolgunmalaryny, içki duýgularyny çeper söz arkaly beýan edýär. Ol sözleriň owadandan owadanyny, has ýakymlylaryny saýlap, monjuk düzen ýaly şygyr setirlerine salyp, ynsanlaryň kalbyna ornaşar ýaly ajaýyp şygry dünýä inderýär. Ol şygyrlary okan adam garry hem bolsa hyýalynda ýaşlyga dolanýar. Goşgynyň täsiri has güýçli bolýar. Milleti türkmen, Türkiýede ýaşan türkmen-türk şahyry Garajaoglanyň, türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň, “yşk mülküniň şasy” adyna eýe bolan Mollanepesiň, türkmen şahyrlary Kerim Gurbannepesowyň, Italmaz Nuryýewiň. Gurbannazar Ezizowyň aýdyma öwrülen goşgy setirlerini okanyňda, paýhaslanan ýaly bolýarsyň, söýgi näme, durmuş näme? diýen ýaly soraglara jogap tapýarsyň. Kitaby köp okan adamynyň ýadynyň gitdigiçe kämilleşýändigi hakda alymlar barlag edip, dogry netijeler çykardylar. Neýrofiziolog Dewid Lýuis öz kärdeşleri bilen barlag geçirip, adamynyň başyna kynçylyk düşende nerw stressini geçiren bolsa, kitap okamagyň adamynyň ýüregine, tutuş bedenine örän ýagşy täsiriniň boljakdygyny anykladylar. Bedeniňi nerw stressinden saplamak, gan aýlanyşygyny sazlamak, dartylan myşsalaryň gowşamagy üçin bary-ýogy alty minut kitap okamagyň ýeterlikdigini subut etdiler. Kitap okamagyň aýdym diňlemekden hem, açyk howada gezim etmekden hem, çaý içip, dynç almakdan hem täsiriniň has güýçli bolýandygy hakda maglumatlar gabat gelýär.

Umuman, kitap okamak barada metbugat sahypalarynda maglumatlar yzygiderli berlip dur. Berilýän maglumatlara  görä, ýaşuly adamlaryň kitap okamagy has hem peýdaly, olaryň ýady has gowy saklanýar. Kitaplar köpugurly bilimler bilen adamy ýaraglandyrýar. Kitap okamak bilen biz daşymyzy gurşap alan tebigat bilen tanyş bolýarys, ösümlikler we haýwanat dünýäsini synlaýarys. Adam kem-kemden kämilleşip başlaýar, durmuşa düşünýär. Kitaplaryň üsti bilen geçmişe aralaşýarys. Taryhy kitaplary okap, ýurdumyzyň taryhyna belet bolýarys.  Hemmelere “Kitaby köp okaň, kitaby söýüň, ol size akyl paýlar” diýesim gelýär. Durmuşyň manysy kitapdadyr.

Kerim ANNAÝEW, Bahçeşehir uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Win 1000 Manats for the Word of the Year: Presented by Makul Sözlük

New Building of Kazakhstan’s Consulate Opens in Turkmenbashi

Turkmen-Japanese Economic Cooperation Deepens in Green Energy and Sustainable Infrastructure

Turkmenistan Approves State Program for Ensuring Aviation Security

Kazakhstan’s Ambassador visits western region of Turkmenistan

Rogun HPP: What Could Be More Effective Than the World’s Tallest Dam?