GENERAL

Ýewropanyň ministrler derejesindäki maslahaty geçiriler

Aşgabat şäherinde saglyk ulgamynda halkara maslahat geçiriler. Bu maslahat Ýewropanyň ministrler derejesindäki maslahaty bolar. Düýn geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, 2019-njy ýylyň aprelinde Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça ýokary derejeli halkara maslahatyny geçirmek baradaky Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ikinji ýokary derejeli halkara maslahatyny 2019-njy ýylyň 9 — 10-njy aprelinde Aşgabat şäherinde ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Ýewropanyň ministrler derejesindäki maslahatyny geçirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmäge ygtyýar berildi.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bu halkara maslahaty guramaçylykly geçirmekde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ýardam bermek tabşyryldy.

 

Ýene-de okaň

Third UN Conference on Landlocked Developing Countries Opens in Awaza, Turkmenistan

UN Avaza Forum: Signing of a Package of Documents

Youth Forum in Awaza: Empowering Young Voices for the Future of Landlocked Developing Countries

Parliamentary Forum in Awaza

UN Secretary-General Arrives in Turkmenistan to Discuss Global Issues

Prime Minister of Nepal leaving for Turkmenistan