GENERAL

BP: Global energiýa bazary ösýär

Geçen ýyl global energiýa bazary ösdi. Bu barada bugün halk köpçüligine ýetirilen “BP Statistical Review of World Energy 2019” maglumatnamasynda aýdylýar. Atawatan Türkmenistan halkara Žurnaly redaksiýa tarapyndan bu maglumatnamadan käbir maglumatlary gysgaça selçerýäris.  Bu maglumatnamada bellenişine görä, geçen ýyl global energiýa bazary 2,9 göterim ösüpdir. Bu görkeziji soňky 10 ýylyň ortaça ösüşi bolan 1,5 göterimden tas iki esse ýokarydyr. Ýene bir bellemeli zat, şeýle ýokary derejede ösüş 2010-nji ýyldan bäri ilkinji gezek gazaylýar. Geçen ýyl global nebit bazary 1,5 göterim ösüpdir. Şol döwürde tebigy gaz bazary bolsa, 5,3 göterim ösüpdir. Tebigy gaz bazaryndaky bu ösüş 1984-nji ýyldan bäri ilkinji gezek şeýle ýokary derejede bolupdyr. Tebigy gaz bazaryndaky sarp edişiň şeýle ýokary derejede artyşyna garaşlylykda “mawy altynyň” öndürilişi hem artypdyr. Geçen ýyl, tebigy gaz öndirilişi, 190 milliard kubmetr, başgaça aýdanymyzda 5,2 göterim artypdyr. Bu bolsa, “mawy altynyň” ägirt uly gorlaryna, ýokary önümçilik kuwwatyna, artan eksport mümkinçiliklerine eýe bolan Türkmenistanyň halkara gaz bazaryndaky ornunynyň gelejekde has hem artjakdygyny görkezýär.  Geçen ýyl kömür bazarynyň ösüşi hem 1,4 göterime barabar boldy.

Geçen ýyl global energiýa bazarynyň ululygy 13 milliard 864 million tonna şertli nebite deň beldi. Hytaý geçen ýyl dünýäde sarp edilen energiýa serişdeleriniň 23,6 göterimi sarp edipdir. Başgaça aýdanymyzda bu ýurtda geçen ýyl 3 milliard 273 million tonna şertli nebite barabar energiýa serişdesi sarp edilipdir. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda sarp edilen energiýa serişdeleri bolsa geçen ýyl 2,3 milliard tonna şertli nebite barabar. Bu görkeziji dünýäniň iň uly 3-nji energiýa bazaryny emele getirýän Hindistanda 809 million tonna şertli nebite barabar. Energiýa serişdeleri babatynda geçen ýyl sarp edilen energiýa serişdeleriniň 4 milliard 662 million tonna şerti nebiti “gara altyna”, 3 milliard 309 million tonna şertli nebiti “ mawy altyna”, şeýle hem, 3 milliard 772 million tonnasy kömrüň paýyna degişlidir.

Dr. Döwran Orazgylyjow

turkmenlawyer@turkmenlawyer.com

Ýene-de okaň

7th Interparliamentary Meeting of Turkmenistan and the European Union held in Brussels

Turkmenistan: Digital transformation gains momentum

British universities show interest in cooperation with Turkmenistan

The visit of the UNDP Resident Representative in Turkmenistan to Dashoguz velayat

Turkmenbashi refinery complex received four ISO certificates this year

Turkmen fuel and energy complex tests a Russian reagent for soil purification