GENERAL

Dünýäde iň belent aýlanýan halka peýda bolar

Ýadyňyzda bolsa, paýtagtymyzda ýerleşýän «Älem» medeni-dynç alyş merkezindäki aýlanýan halka ýapyk ýerdäki şeýle desgalaryň iň ulusy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi. Indiki ýylda ― 2020-nji ýylda Dubaýda peýda boljak halka bolsa açyk asmanyň astyndaky şeýle göwün açyjy halkalaryň dünýä rekordyny täzelär. «National Geographic» neşiriniň ýazmagyna görä, onuň belentligi 250 metre barabar bolar.

Metbugatda Dubaýda geçiriljek EXPO ― 2020-ä bagyşlanyp açyljak we «Ain Dubai» diýlip atlandyryljak täze halka barada täsin maglumatlar eýýämden peýda bolup başlady. Aýdylyşyna görä,

― onuň her bir «aýagyna» London awtobuslarynyň 15-si sygar;

― halkanyň her bir sütüniniň agramy 5 tonna barabar bolar;

― sütünleriň içindäki ähli kabelleriň uzynlygynyň 2400 kilometre barabar boljakdygy hem aýdylýar;

―  halkanyň umumy agyrlygy 16 sany «Airbus A-380» uçarynyň agyrlygyna deň bolar;

― onuň 250 metr belentligi häzir Las-Wegasdaky 167 metr belentlige uzan «High Roller» diňiniň rekordyny täzelär.

Ýene-de okaň

Third UN Conference on Landlocked Developing Countries Opens in Awaza, Turkmenistan

UN Avaza Forum: Signing of a Package of Documents

Youth Forum in Awaza: Empowering Young Voices for the Future of Landlocked Developing Countries

Parliamentary Forum in Awaza

UN Secretary-General Arrives in Turkmenistan to Discuss Global Issues

Prime Minister of Nepal leaving for Turkmenistan