GENERAL

Dünýä çempionatynda nobat ýarym finalda

Russiýa Federasiýasynda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda nobat ýarym finala geldi. Ýer eýeleri Russiýanyň ýygyndysy ýayrm finalyň gapysyndan yzyna gaýtdy. Olar esasy we goşmaça 30 minutlyk wagty 2:2 deňme-deň gutaran duşuşykda Horwatiýanyň ýygyndysyndan 11 metrlik jeirme urgularyndan 3:4 hasabynda utuldy.

Şeýlelikde dünýä çempionatynda ýarym finalda Belgiýa bilen Fransiýanyň hem-de Angliýa bilen Horwatiýanyň ýygyndylary duşuşar.

Ilkinji duşuşyk 10-njy iýulda Belgiýa bilen Fransiýanyň ýygyndylarynyň arasynda bolar. Belgiýanyň ýygyndysy 32 ýyldan soňra dünýä çempionatynda ýarym finala çykmagy başardy. Häzirki wagtda Belgiýa şu çempionatyň iň köp pökgi geçiren toparydyr. Olar geçiren duşuşyklarynda 12 gezek tapawutlandylar.

10-nji iýulda Sankt-Peterburgda geçiriljek duşuşyga tomaşa etmek üçin Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň hem-de Begliýanyň Premýer-ministri Şarl Mişeliň gelmegine garaşylýar.

11-nji iýulda bolsa Horwatiýa bilen Angliýa duşuşar.

DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA GALAN OÝUNLARYÑ TERTIBI

ÝARYM FINAL

10-NJI IÝUL

23:00  BELGIÝA – FRANSIÝA

11-NJI IÝUL

23:00  HORWATIÝA – ANGLIÝA

3-NJI ÝER ÜÇIN DUŞUŞYK

14-NJI IÝULDA 19:00-DA BAŞLANAR

15-NJI IÝUL FINAL

DUŞUŞYK 20:00-DA BAŞLANAR.

 

Ýene-de okaň

The Galkynysh Group presents a spectacular performance at Circus Sea Breeze in Baku

Afghanistan and Turkmenistan Discuss Accelerating Land Acquisition for TAPI Project

National Leader of the Turkmen People to Visit China Tomorrow

Polyglot Influencer Yuji Beleza with Millions of Followers to Participate in Turkmenistan Event

Opportunity for Turkmen students to study in Italy on scholarships

Tourism demand to Türkiye remains to be at top

Ata Watan Eserleri