GENERAL

Altyn Goşaýewa :Halypa aýdym aýdanda…

  …Ýakymly hem-de ajaýyp, dagdan akýan dury suwly çeşmeleriň sesi ýaly şirin labyzly, duýgudan püre-pür owazlaryň ylhamly dünýäsi kalbyňy gurşap alýar…

   Halypa. Bu agramly hem-de abraýly söze mynasyp bolmak üçin ussatlaryň geçen döredijilik ýolundan geçip, taba gelmeli, «köp çorba sowatmaly». Ýöne bir geçmek hem däl, onda öz ýoluňy, öz yzyňy goýmagy-da başarmaly. Diňe şonda halypa-şägirtlik mekdebiniň, olaryň özboluşly ýolunyň dowam etmegine, sungatyň giň şahalarynyň geljege sary uzap, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere aşmagyna mynasyp goşandyňy goşup bolar.

  Ýurdumyzda ussatlaryň sungat ýoluny mynasyp dowam edip, irginsiz zähmeti, zehin-yhlasy bilen ajaýyp eserleri döredip, zehinli şägirtleri ýetişdirýän halypalaryň baý we köptaraplaýyn döredijiligi dogrusynda näçe gürrüň etseň hem bärden gaýdýar. Şeýle halypalaryň biri, aýdym aýdanda mylaýymdan gelen ýakymly, özboluşly owazyny diňleýjileriň kalbynyň törüne ornaşdyrmagy başarýan, «Ýüzünden ýüregi görnüp duran», ajaýyp heňli aýdymlary ýaly nurana häsiýetli aýdymçy zenan, Türkmenistanyň halk artisti Altyn Goşaýewadyr. Ol häzir «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileriň medeniýet köşgüniň wokal müdiri bolup işleýär.

  Biz ýakynda halypa aýdymçy bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolduk:

 — Altyn halypa, siziň mylaýym, mähirli häsiýetleriňizi özboluşly owazyňyzda hem duýmak bolýar. Söhbetdeşligimiziň başyny aýdym-saz sungatynda öz ornuny, öz ýoluny tapan aýdymlaryňyzyň ýaňlanyp başlamagyna sebäp bolan wakalardan başlaýsak!

— Maşgalamyz sungat maşgalasy. Kakam — dessançy bagşy Atda Goşaýew diýlip tanalýardy. Kakam Türkmenistanyň at gazanan artisti Sarman Hudaýberdiýew, gyjakçy Baýram Goçmyradow bilen uzak ýyllar tirkeşdi. Olar ýerli teleýaýlymda her hepde-de diýen ýaly çykyş ederdiler, toýlary sowardylar. Olara «üçlükler» diýerdiler. Bulardan başga-da, kakam bagşylar Täşli Berdiýew, Gylyç Durdyýew, gyjakçylar Atanyýaz Töräýew, Baýgeldi Mämmedow dagy bilen ýakyndan gatnaşardy. Öýümizde hemişe diýen ýaly aýdym-saz ýaňlanardy. Kakam Sarman aga, Baýram aga bilen köplenç öýde taýynlyk geçýärdiler. Olar öýe gelip, aýdym-saz ýaňlanyp ugradygy, menem bir çeträkde oturyp diňleýärdim. Sarman aga aýdym-sazy höwes bilen diňleýändigimi synlaýan eken. Bir gezek ol kakama: «Atam, bir zada üns berýäňmi? Her sapar aýdym aýdyp başlanymyzdan, Altynjygyň gelip, diňläp oturýanyny. Onuň aýdym-saza höwesi uly bolara çemeli. Nesip bolsa, Altynjyk geljekde belli aýdymçy bolup ýetişer. Häzirden onuň aýdymlarymyzy ünsli diňleýänini görýäňmi?» diýipdir.

Kakamyň aýdymlaryny diňläp, menem aýdymçy bolmagy arzuw ederdim. Kakam çykyşa taýynlanýarka, daş çykdygy, dutaryny elime alyp, çalyp gören bolýardym. Yzyna dolanyp gelende kakam: «Çal gyzym, ýöne kirişini gyraýma! Sen entejik ulal, onsoň saňa dutar çalmagy öwretjek» diýerdi.

Aýdym-saza bolan çäksiz söýgim meni öz erkime goýmady. Sungatyň ykbalyma öwrülmegine sebäp boldy. Ýyllar geçip, il içinde tanalyp ugramsoň, Sarman aga kakama: «Meniň aýdanym boldumy, atam? Altynjygyň sungata höwesiniň uludygy, çagalyk döwründen bäri bildirýärdi» diýerdi.

Ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyzy ýatlaýsaňyz!

— Mekdebe baran ýylymda, Rejep mugallym diýip, mugallymymyz bardy. Ol her günde iki sapakdan soňra, üçünjä girende: «Kim aýdym aýdyp berjek!» diýip sorardy. Menem gürlemänjik oturardym welin, mugallym: «Gel gyzym, Altynjygym, aýdym aýdyp ber!» diýerdi. Şonda:

Baýra çykyp ýygalyň,

Hem kömelek, hem gülälek —

diýen setirler bilen başlaýan aýdymy aýdardym. Şol döwürler mugallymyň berekellamy ýetireni şu günki ýaly ýadymda. Soň-soňlara mekdebimizde geçirilýän çäreleriň ählisinde diýen ýaly aýdym bilen çykyş ederdim. Şäherimizde mekdepleriň arasynda festiwallar geçirilerdi. Şolarda-da köplenç horuň öňünde solist bolup aýdym aýdardym.

Körpe jigim Amanberdiniň çagalykdan aýdym-saz sungatyna höwesi uly boldy. Ol kiçikä çagalaryň oýnawaç akkordeonyny çalyp, aýdyma hiňlener ýörerdi. Saz çalmagy gowy görýändigini bilip, ejem-kakam jigime hakyky akkordeon alyp berdiler. Oňa güýji ýetmese-de, jigim saz çaljak bolup ber-başagaýdy. Jigim akkordeona erjellik bilen erk edip ugransoň bir gün mekdepden gelenimde: «Ejeke, men saz döretdim, şoňa goşgy tapyp, aýdym edip aýtsana» diýdi. Menem kakamyň kitap tekjesinden «Türkmen halk aýdymlary» atly kitaby elime alyp gördüm welin, birinji sahypany açanymda «Görogly» şadessanyndan «Aýralyk» atly goşga gözüm düşdi. Jigim ikimiz goşgyny saza salyp aýdyp gördük. Erbet däl ýaly. Ejemiň ýanyna ýüwrüp baryp: «Eje, biz aýdym döretdik» diýdik. Olam: «Tüweleme, hany diňläp göreli, gyzym!» diýdi. Jigim sazyny çaldy, menem aýdymy aýdyp berdim. Ejem sesimize guwanyp kakama: «Atda, dowamatyň bar eken-ä!» diýip, begençli seslendi. Soňra şol aýdymy ýerli teleýaýlymda çykyş edenimde ýerine ýetirip «Aýralygy aýdýan Altynjyk» diýip, at aldym. Bir sapar Aşgabatdan teleýaýlymyň işgärleri gepleşik taýýarlamaga gelenlerinde «Aýralygy aýdýan Altynjyk atly, bir gyzjagaz bolmaly» diýip, meni  sorap çykyş etdirdiler. Bu aýdymy teleýaýlymda eşidip, şäher medeniýet öýünde şol wagt hereket edýän «Dagdan mukamlary» aýdym-saz toparynyň ýolbaşçysy Isa Dowyýew meni bu gurnaga çagyrdy. Mekdepden boş wagtlarymda bu aýdym-saz toparyna gatnap, aýdym aýdardym. Toparymyz bilen welaýatymyzyň oba ýerlerine, «Mollagara» şypahanasyna çykyş etmäge giderdik. Şol döwürde «Jigi-jigi», «Elden gider», «Aldy janymy»… atly halk aýdymlaryny ýerine ýetirýärdim.

Mekdebi tamamlanymdan soňra sungata bolan söýgimi göz öňünde tutup meni ýerli teleýaýlyma işe çagyrdylar. Bu ýerde gepleşik alyp barardym, aýdymlarym bilen çykyş ederdim. Şol döwürler kakamyň aýdýan «Käbäm enem, kyblam atam», «Annasoltanym meniň» atly halk aýdymlaryny ilkinji bolup estrada geçirip ýerine ýetirdim. Baýramçylyk dabaralarynyň birinde halypa bagşy Döwletgeldi Ökdirowyň sazyna ýerine ýetiren «Zülpüň» atly aýdymymy diňläp, halypanyň dogany ýanyma gelip: «Altyn jan, sag bol jigim! Agamy tirsegine daýandyrdyň» diýdi. Bu aýdymy soňra estrada geçirip aýtdym. 1992-nji ýylda «Ýaňlan diýarym» telebäsleşiginiň ýeňijisi, 1994-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen ada mynasyp boldum. Bu gazanan döredijilik üstünliklerim meni sungatda täze maksatlara ruhlandyrdy.

Ýerli teleýaýlymda 15 ýyla golaý işledim. Soňra meni 1995-nji ýylda «Burnebitgaz» hyzmat müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezine işe çagyrdylar. Bu ýerde ilki ýaş höwesjeňleriň ýolbaşçysy soňra wokal müdiri bolup zähmet çekdim. Ýaş zehinleri döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklere taýýarlaýardym. Olaryň arasynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň, «Ýaňlan diýarym» telebäsleşiginiň ýeňijisi bolan ýaşlar bar. Bu ýerde işleýärkäm, «Gaýrat» medaly bilen sylaglandym.

Soňra «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitçileriň medeniýet köşgüne wokal müdiri bolup işe geçdim. Bu ýerde häzirki wagta çenli zähmet çekip gelýärin.

Bu ýerde-de siz ýaş zehinlere halypalyk edýärsiňiz! Siziň ýetişdiren şägirtleriňizden ýerine ýetirýän aýdymlary bilen halkymyzyň arasynda giňden tanalýanlary bar. Bu elbetde, siziň şägirtleriňize bildirýän ynamyňyzyň, yhlasyňyzyň netijesidir.

— Kakam köplenç maňa: «Gyzym, sungat ýoly gaty inçedir. Onuň aňyrsyna  ýetip ýetip bolýan däldir. Şonuň üçin-de, halypalyk etmegi her kim başarmaz. Sungatyň inçe tilsimlerini şägirdine geçirmegi başarýan adam, halypalyk etmegi-de başarar» diýerdi. Şu ýerde bir zady aýratyn belläp geçesim gelýär. Bagtyýarlyk döwrümiziň zehinli ýaşlarynyň kalbynda ynam, yhlas, tutanýerlilik, maksadaokgunlylyk bar. Sungatda-da bu häsiýetleriň ählisi zerur. Şonuň üçinem ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olar bilen işleşmek kyn düşenok. Biz muňa «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Ýaňlan diýarym» telebäsleşiklerinde çykyş edýän zehinli ýaşlaryň ýerine ýetirýän aýdymlaryna baha berenimizde-de göz ýetirýäris. Olaryň yhlasyny, hyjuwyny, aýdym-saza bolan söýgüsini görüp, kalbymyz joşýar. Ýaş zehinlere milli mirasymyzdan gözbaş alyp gaýdýan halk aýdymlaryny, bagtyýarlyk döwrümizi wasp edýän döwrebap aýdymlary öwretmekde, olaryň sungat ýolunda kämillik menzillerine aralaşmaklaryna goşandymy goşýandygym üçin begenýärin.

  — Siziň zähmet çekýän ýeriňizde hereket edýän «Dehistan» folklor-etnografik topary diňe bir ýurdumyzda tutulýan toý-baýramlarda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de çykyş edip gelýär. «Ýürekden çykan söz, ýürege ýetýär» diýlişi ýaly, bu toparyň ýerine ýetirýän tanslary, döwrebap küştdepdileri aýdymlaryň, gazallaryň sözleri bilen sazlaşýar. Bu elbetde, saz bilen sözüň milli äheňleriniň, ajaýyp hereketlerde öz beýanyny tapýanlygydyr.

— «Dehistan» folklor-etnografik toparynyň özboluşly aýratynlygy, tomaşaça aýdymlaryň, gazallaryň sözleriniň manysyny ajaýyp, sazlaşykly hereketleriň üsti bilen ýetirýänligidir. Toparyň ýolbaşçysy Saryýa Karahanowa tanslaryň hereketleriniň sazlaşykly bolmagyny, hem-de onuň üsti bilen aýdymyň manysynyň berilmegini gazanýar.  Bu topar birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän döredijilik festiwallaryna, bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş edip gelýär.

 — Kalbyňdan çykyp sünnälenip, öwüşgin çaýylan eserler öz göwnüňe jaý bolýar, halkyň söýgüsini hem gazanýar. Siz hem ýerine ýetirýän aýdymlaryňyzyň aglabasynyň sazyny özüňiz döredýärsiňiz. Bu döredijiligiňiziň özboluşly tarapy. Sebäbi ýürek owazyňyz ýerine ýetirýän aýdymlaryňyz sazynda hem öz beýanyny tapýar.  Döreden aýdymlaryňyz dogrusynda aýdaýsaňyz?

— Aýdym döredeniňde onuň ýerine düşmegi üçin, goşgusynyň akgynly bolmagy zerur. Hemme goşgudan aýdym döredip bolmaýar. Aýdym boljak goşgyny köplenç, ilki okanyňdan heňi döräp ugraýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde 60-dan gowrak aýdymlary döretdim. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Arkadag bilen», «Görmüşem», şahyrlar Nurgözel Gozlyýewanyň «Watanym guwanýar Arkadagyna», «Owadan dünýämiň Arkadagy Siz», «Mähriban Arkadagymyz», «Arkadagyň saýasynda», «Bagtyýarlyk aýdymy», «Ajaýyp», «Pyragyny gören daglarymyz otyr», «Ajaýyp», «Eje», «Owadan dünýäme täze ýyl geldi», «Gyzlar», «Gözlerim seni gözlär», Magtymguly Myşşyýewiň «Şadyýan», Didarberdi Allaberdiýewiň «Janym Türkmenistanym», Seýdaly Babaýewiň «Türkmenistanym”, Bibisara Hojanazarowanyň «Söýüň enäni», Nursoltan Depbiýewanyň «Watan», «Ezizim», Durdy Baýramowyň «Görüň, Nowruz gelipdir», Ogulgurban Ataýewanyň «Gözellik şasy», Ýemreli Tuwakowyň «Hüwdi», «Ezizim sensiz» atly goşgularyna aýdymlary döretdim. Şeýle-de, «Gel söýgülim!» atly aýdymymyň sözlerini özüm ýazdym.

 — Aýdym-saz sungatynda özboluşly ýol goýan halypalaryň aýdan aýdymlaryny döwrebap öwüşginde ýerine ýetirýärsiňiz. Bu döredijiligiňiziňe millilik ruhuny çaýyp, kämillik menzillerine atarýandyr.

— «Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz» diýlişi ýaly, halypalaryň sungat ýoly kämillik mekdebi. Olaryň aýdan aýdymlarynda özboluşly şirinlik, ajaýyp joşgun bar.

Halypalaryň aýdan «Gitme sen», «Söýgülimiň birje sözi», «Mirasdar», «Bilbil näme saýraýar?!», «Gijeler» atly aýdymlary ýerine ýetirýärin. Bu aýdymlaryň ählisi halkymyzyň ýüreklerine ornan aýdymlar. Nusgawy edebiýatymyzdan aýdylýan aýdymlar hem kämillikden gözbaş alýar. Olardan «Şasenem-Garyp» dessanyndan «Derdiňden», «Tüni derýa», «Ýandyrma beýle», şeýle-de, Magtymguly Pyragynyň «Aýa döndi», «Mätäç eýleme», «Söýmüşem seni», Annagylyç Mätäjiniň «Barmy?!», Garajaoglanyň «Gurban oldugym» atly aýdymlary halkymyz söýüp diňleýär. Bu aýdymlaryň köpüsini döwrebap öwüşginde işledim.

 

 — Işleşýän sazandalaryňyz dogrusynda aýdaýsaňyz!

— Aýdymlarymy sazandalar esasan Musagylyç  Gylyçtaganow bilen, galybersede, Amangeldi Baýryýew, Dädebaý Garataýew bilen işleýärin.

—   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ähli ugurlarda bolşy ýaly, milli medeniýetimizi, sungatymyzy dünýäde belentden dabaralandyryp, bu ugurda zähmet çekýän ildeşlerimize Şa serpaýlaryny ýapýar, hormatly atlary dakýar. Size-de şeýle bagtly, ýatdan çykmajak pursatlar miýesser edendir.

— Bagtyýar Watanymyzda her bir günümiz biziň kalbymyzy joşduryp, täze döredijilik üstünliklere eýe edýär. Meniň durmuşymda-da göwün joşduryjy, bagtyýar pursatlaryň birnäçesi boldy. 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandym. 2012-nji ýylda durmuşymda iň ýatdan çykmajak günleriň biri «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň dakylan güni boldy. 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» nyşanyna, 2016-njy ýylda bolsa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmagym meni täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyryp, aýdymly dünýäme joşgun eçildi.

 — Jigiňiz Amanberdiniň çagalykdan aýdym-saza söýgüsiniň uludygyny belläp geçdiňiz. Maşgalaňyzda başga-da sungata köňül berip, ýoluňyzy dowam edýäni barmy.  

— Amanberdi Balkanabatdaky çagalar çeperçilik mekdebinde  mugallym bolup işleýär. Onuň gyzy hem Balkan welaýat ýörite sungat mekdebini tamamlap, şol ýerde zähmet çekýär. Amanberdiniň uly ogly Meýlis kakasynyň ýoluny dowam edip, zehinli aýdymçy bolup ýetişdi. Ol heniz ýaşdygyna garamazdan, köpleriň söýgüsini gazanyp, toý-baýramlarda, teleýaýlymlarda yzygiderli çykyş edýär. Meýlisden kiçisi Didar skripkada saz çalýar. Ol Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamlady. Häzir Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirýär. Jigilerimiň aýdym-saza köňül berip, bu sungatyň inçe syrlaryny öwrenmekleri meni buýsandyrýar.

 — Ýaş aýdymçylara berjek maslahatlaryňyz?

— Döredijilik adamsy halkyň adamsy bolýar. Şonuň üçin-de sungat işgärleri diňe döredijiligi bilen däl, eýsem, geýinmekde-de, özüňi alyp barmakda-da, umuman, ähli babatda ile görelde bolmaly. Kakam köplenç: «Aýdym aýdanyňda gyzym, tä tamamlaýançaň, onuň içinde ýaşa. «Şasenem-Garypdan» Şasenemiň sözlerine aýdym aýtýaňmy, şonuň özi ýaly bolmagy başar» diýerdi. Menem ýaş zehinlere kakamyň maňa aýdan şol sözlerini maslahat berýärin.

 — Aýdymlaryňyzyň aglabasynyň heňiniň pessaý äheňdeligini döredijilik aýratynlygyňyz hasaplaýarsyňyzmy, ýa-da şeýle aýdymlar dünýäňize mahsusmy?

— Aslynda, döredijilik özboluşlylygy, içki dünýämizden gözbaş alýar. Pessaý äheňdäki aýdymlary ýerine ýetirenimde onuň içinde ýaşaýaryn. Şeýle aýdymlar meniň ýüregime-de, ruhy dünýäme-de ýakyn. Aýdymlarymyň her setirine, her sözüne mähir berip, ýerine ýetirmek kalbyma ylham berýär.

— Ylhamy nämeden alýarsyňyz?

— «Aýdym — adamlaryň göwün syrdaşy» diýilýär. Şonuň üçin hem biz şatlananymyzda-da, gamlananymyzda-da aýdym diňleýäris. Menem ylhamy aýdymyň özünden alýaryn. Köpümiz aýdym diňlemegi gowy görşümiz ýaly, oňa hiňlenmegi-de halaýarys. Özüm-ä aşhanada nahar taýýarlananymda-da, ýa-da öý işlerini edenimde-de köplenç aýdyma hiňlenýärin. Şonda täze aýdymlaryň heňleriniň döreýän pursatlary-da az bolanok. Şägirtlerim bilen aýdymlaryň üstünde işlänimde-de: «Aýdymyň şu ýerini şeýleräk aýtsaň hasam ýerine düşjek eken» diýen pikir döreýär.

 — Aýdymçy bolmadyk bolsaňyz haýsy hünäri saýlap alardyňyz?

— Aýdym — meniň ykbalym, ylhamym. Aýdym — durmuşymyň özeni, dünýämiň gözelligi.

— Diňleýjilere täze nähili aýdymyňyz garaşýar?

— Şahyr Nurgözel Gozlyýewanyň sözlerine «Bitarap Türkmenistanym» atly täze aýdym döretdim. Nesip bolsa, ýakyn günlerde bu aýdymy halkymyza ýetirerin.

  — Ýürek arzuwlaryňyzy paýlaşaýsyňyz!

— Bize — aýdym aýtmakda, saz çalmakda, şygyr döretmekde, ähli babatda görelde mekdebi bolup duran, aýdymly dünýämize egsilmez ylham eçilip, Watanymyza, bagtyýarlyk döwrümize döwletli döwrany bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!

 — Täsirli söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň. Biz size geljekde-de, sungat äleminde döredijilik üstünlikleriniň ýaran bolmagyny, mahmal owazyňyzyň belentden-belent ýaňlanmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

 — Sag boluň!

 Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby. 

 

Ähli söhbetdeşliklerimizi okamak üçin :

Türkmenistanyň at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa bilen söhbetdeşlik

Türkmen Star :Zylyha Kakayeva ile reportaj

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kakageldi Seýitmuhammedow bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew bilen söhbetdeşlik

Türkmen Sanatçısı Çınara ile reportaj

Türkmen aýdymçysy Çynara bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti  Hakberdi Hudaýberdiýew bilen söhbetdeşlik

Režissýor Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeşlik 

Ýaş zehinli kompozitor Begenç Hojaýew bilen söhbetdeşlik

Aýdymçy Tirkiş Amangeldiýew bilen söhbetdeşlik

Zehinli  aýdymçy Gözel Öwezowa bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow bilen söhbetdeşlik

 

Ýene-de okaň

The National Leader of the Turkmen people received the Executive Director of the Turkmenistan–USA Business Council

Turkmenistan have been published in the six UN languages as official documents of the General Assembly

Turkmenistan hosts Turkmen-Iran Business Forum and Iran Agrofood Exhibition

Turkmenistan and Japan signed new agreements

Turkmen-American Business Forum held in Ashgabat

Current issues of cooperation discussed with Minister of Energy of Iran