GENERAL

«Facebook» «Instagramdan» 20 milliard dollar girdeji gazandy

«Instagram» sosial aragatnaşyk ulgamy «Facebook» kompaniýasyna geçen ýylda 20 milliard dollar girdeji getirdi. Bu serişde kompaniýanyň 2019-njy ýyldaky tutuş girdejisiniň dörtden biridir. Bu barada «Bloombergiň» habarynda aýdylýar.

«Instagramdaky» girdejiniň esasy çeşmesi mahabatlardyr.

Öňräk «Google» kompaniýasynyň «YouTubeden» alan girdejisi hem jemgyýetçilige ýetirildi. Aýdylyşy ýaly, wideoportal geçen ýyl 15,1 milliard dollar girdeji getirdi.

Dünýä ýüzünde sosial aragatnaşyk torlaryna gyzyklanma gitdigiçe artýar. Bu bolsa olarda ýerleşdirilýän mahabatlaryň hem sanyny artdyrýar.

Related posts

Afghanistan’s Trade with Central Asia Reaches $1.6 Billion

Türkmenistan Uluslararası Basketbol Turnuvasında birinci oldu

vepa

1.25 billion Investment from Turkmenistan to Afghanistan