WORLD

Geýtsler 100 million dollar sahawat berdiler

«Microsoft» kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts we onuň aýaly Melinda Geýts tarapyndan ýöredilýän haýyr-sahawat gaznasyndan koroniwirusa garşy göreşmek üçin ABş-nyň 100 million dollary möçberinde serişde aýrylyp berildi. Bu barada gaznanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Öňräk bu gazna tarapyndan Hytaýda we käbir Afrika döwletlerinde koronowirusdan halas bolmak üçin 10 million dollaryň ýardam beriljekdigi aýdylypdy. Ýöne Geýtsleriň sahawaty 10 esse artdy.

Bu serişdäniň bir bölegi keseli takyklamak, ony bejermek we öňüni almak işleri üçin sarp ediler. Bir bölegi bolsa Afrikadaky we Günorta Aziýadaky zerurlyklar üçin ulanylar. Serişdäniň 60 göterimi koronowirusy anyklaýan barlag-seljeriş işleri we onuň waksinasy üçin ulanylar.

Related posts

The 13th session of dialogue on human rights

Ozbek delegation visits to Turkmenistan

Türkiye Unveils Groundbreaking Underwater Discovery off Antalya Coast