GENERAL

“1917” atly film “BAFTA” baýragynyň öňdebaryjysy

Beýik Britaniýanyň Kino we sungat akademiýasynyň (BAFTA) baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. 73-nji gezek geçirilýän “BAFTA” dabarasynda “1917” atly film gazanan köp sanly baýraklary bilen köpleri haýran galdyrdy.

Birinji jahan urşuny suratlandyrýan bu film 7 ugur boýunça baýraga mynasyp boldy. Filmi surata düşüren Sem Mendes “Iň gowy reJissýor” baýragyna mynasyp boldy. Mundan başga-da, bu film “Iň gowy britan filmi”, “Iň gowy kinomotografiýa”, “Iň gowy ses taslamasy” ýaly ugurlar boýunça öňdeligi eýeledi.

Dabarada  “Joker” filmindäki ýerine ýetirilen keşbi üçin Hoakin Feniks “Iň gowy aktýor” hökmünde saýlandy. Rene Zellweger bolsa “Judi” filmindäki ýerine ýetiren keşbi üçin “Iň gowy aktrisa” baýragyna mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

President of Turkmenistan presented with a Karabakh horse

Turkmenistan and Poland signed Memorandum of Understanding on Migration Cooperation

PETRONAS Marks 30 Years in Turkmenistan with New Agreements to Advance Strategic Growth

Turkmen Ambassador Meets With Georgia’s Minister of Internal Affairs

Yazdursyn Gurbannazarova participated in the International Ombudsmen Summit in Baku

Turkmenistan and Malaysia Sign Milestone Agreements to Deepen Strategic Oil and Gas Partnership