GENERAL

Meniň Robotlarym (Tur-otur,kersen getir)

Satyn aldym bir roboty ýakynda,
Öýdäki tur-otur, kersen getire.
Diydim:"Görýän seni adam çakynda,
Şu günki işiňi goýma ertire"

─ Bor, hojaýyn ─ diýip, başyn atdy ol,
Palaslary kakyşdyrdy her günde .
Arassa mebeller, arassa stol,
Nahary bişirýär kompýuterinde.

Üç gezek suwlaýar günde gülleri,
Süpürýär howlyny, ýuwulgy maşyn

Ýadawlyk bilenok onuň elleri,
Getirdi tertibe içerim-daşym.

 Täsin suratlary asdy diwara,            
Üýtgedip görküni myhmanhanamyň.
Biz gidýäs hepdeläp dürli dabara,
Ýaşadyk biz rahadyna bi janyň.

Çagamyza öwredýärdi ol sapak,
Düşündirip hasap meselesini.
Käte tans öwredýär ol çalyp çapak,
Kä düzleýär aýdymyna ol sesini.

Tukatlansam, çalyp bererdi organ,
Ol Sebostýan Bahyň tokkatasyny.
Düzlärdi uklamda süýşäýse ýorgan,
Peselderdi radionyň sesini.

Öwredýär wagt tapyp ylym ýeterli,
Fitjerald, Lorensiň kesgitlemesin.
Okap şygyryýetden ol goşgy dürli,
Ýatladardy oň düzüliş syrlaryn.

Öwredýärdi saz düzmäniň tärini,
Çalyp akkord mazor, minor gammada.
Kyn sanamak oň işiniň baryny,
Galmazdy wagt bize uky alma-da.

Geçdi ýyllar beýle täsinlik bilen.
Durmuşymyz öwrüldi tüs Jennete.
Üýtgeşik zat eken bu robot diýlen,
Minnetdar bolýardyk biz bu "Winnete"

Aýalym bir güni bolup dem gysma,
Düşdi keselhana bejergi üçin.
Öz-özümden bolup men gaty gyzma,
Hiç zatdan tapmadym onun alajyn.

Oglumyň okuwyn kesip bir ýyllyk,
Akitdiler nerw bejerýän kurorta.
"Eden bolaýmasyn "Winnet" ýamanlyk,
Diýp çagyrdym hünärmeni günorta.

Kompyuter arkaly barlap roboty,
Tapmady ol "Winnetden"hiç kemçilik,
Diydi:"Size zerur robot "Ýamota"
"Winnetde" ýok saglyga gözegçilik.

Eýedir "Ýamota"şol programma,
Alsaňyz ol derrew sizi bejerer.
"Tur-otur, kerseni getire" emma,
Ukypsyz ol, dine saglyk seljerer.

Isleseňiz ynha,onuň bahasy",─
Diýip ol elime uzatdy kitap.
Namüçindir uzaklaşdy oň sesi,
Agypdyryn düşegime men gatap.

Gelipdirin huşa keselhanada,
Kändi ak halatly lukman daşymda.
Gurşasa-da olar meni alada,
Köpräkdi meň öz aladam başymda,

─ Aýtsaňyzlaň, meniň keselim näme?,
Men garram däl, otuz ýaşymda  entek.
─ Keseliň seň çenden aşa semreme,
Ýüz ellä ýetipdir agramyň tentek.

Saglyk hakda düşünje ýok "Winnetde",
Guly ol tur-otur, kersen getiriň.
Satyn alanňyza etmäň minnet-de.
Oň bigünädigne akyl ýetiriň.

"Ýamotan"diyenin etseňiz mydam,
Saglygyňyzda döremez hiç mesele.
Saglyk isläp ýaşaýan bar adam,
"Ýamota" ýol bermez sizde kesele…".

              (Halasgär "Ýamota”) 

…"Ýamotany erbet görmedim başdan,
Berk tutdy ol meni iýmit barada.
Ka sanjym ederdi basyp ýanbaşdan.
Arryklatmak üçin ýakyn arada.

Ölçäp berdi hergün iýjek çöregim,
Gün-gün azaltdy ýagly naharam.
Hany indi gowy görýän böregim,
Soraýdygym derrew gelýär gahary:

─ Bilmen bozup kolorajy gündäki,
Sazlaşmaly et, ýag, süýji iymitde.
Azaltmaly ýag gatlagyn sendäki,
Yňranma-da ýat ýeriňde bar git-de!

Oturgyjym çagaňkydan hem kiçi,
Stolum pessejik, kiçijek gaty.
Arryklardan doly ýaýlymyň içi,
Çar diwarda hor adamlaň suraty.

Kinoda arryklar aýdýarlar aýdym,
Dur endam-janynyň süňki lagşaşyp.
Arryklan futbolun görkezýär ýaýlym
Goh edip gygyrýar olar ogşaşyp.

Horlukdan olaryň gözleri çöken,
Sesleri öçügsi, ýüzleri tukat,
Olar-da bir wagtlar has semiz eken,
Nädip bu horluga etdikä takat.

Bir bulgur naharly jamyň göwrümi,
Iýýän ony men kiçijek çemçede.
ýitiridim erkin iýip-içen döwrümi,
Robot alyp bolmadym hiç kimçe-de.

Oýlan ol gaýnadyp emeli süňki,
Oň gurak etinden dadyrdy biraz.
Soňra howlukdyryp duşman garaňky,
Çykardy ylgawa ol meni garaz.

Brandspoyt arkaly suw sepdi mana,
Daňyp goýaga-da sütüne meni.
Onuň urgusyna çydaman ýaňa,
Huşum gidip unutdym men dünýäni.

Soňra trenazyer(trinazor) daşky  otagda,
Yzyndan basseýn tüýs sowuk suwly.
Bäş müň metr ylgaýaryn men başda,
Onsaň pilli ýer depmeli hyjuwly.

Bir görsem ejizläp peselen sesim,
Gözlerim çöküşip, ulalan agzym.
Işdä-de ýok, gelenok zat iýesim,
Ölüm ýassygyna etdim men tagzym.

─ Indi sen ýatarsyn gysşy ukyňa,
Anabiyoz halda bolup birje ýyl.
Goý aýnanay, üns berme, görküňe
Soň ýaş bolup oýanýarsyň şony bil.

Arryklyk aýdymyn hiňlen ýuwaşja,
Irkilýänçäň diňläýin men birsalym.
─ "Eý arryklyk senden çykmaýyn boşja,
Horlasaň-da bolma sen öte zalym!"…

Uklandyr öýdüp, ol ýaýlymy ýakdy,
Gözüm gytagyny aýladym oňa.
Agramym otuz üç kilogram çykdy,
Ýokdy indi hiçzadyň parhy maňa.

Göýä guş deý gitdim asmana,
ýokdy mende agram, ýerden üzňedim.
Bir ýyldan soň gelip ýeri basmana,
Semredýän taze bir robot düzediň!….

Baýram Rahmanow

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Ýene-de okaň

7th Interparliamentary Meeting of Turkmenistan and the European Union held in Brussels

Turkmenistan: Digital transformation gains momentum

British universities show interest in cooperation with Turkmenistan

The visit of the UNDP Resident Representative in Turkmenistan to Dashoguz velayat

Turkmenbashi refinery complex received four ISO certificates this year

Turkmen fuel and energy complex tests a Russian reagent for soil purification