GENERAL

Söýgi däneleri

– Gözleriňi ýum!

– Ýumdum.

– Näme görýärsiň?!

– Garaňkylyk.

– Gözleriňi aç! Indi näme görýärsiň?

– Seni.

– Sen meni şol garaňkylykdan halas edermiň?!

* * *

Seniň gelmegiň üçin ýekeje gün ýeterlik, meniň garaşmagym üçin bolsa tutuş ömrüm. Sen maňa tutuş ömrümiň ýekeje gününi sowgat berip bilmezmiň?!

* * *

Sensiz bir gün  ömre ýeterlik. Ömrüm sensiz ölme ýeterlik. Maňa diňe sen ýeterlik.

* * *

– Meniň saňa bir sözüm bar.

– Aýt!

– Ýok, iki söz aýtjak.

– Aýdyber.

– Üçüsini aýtsamam bolarmy?!

– Hawa.

– Men seni söýýärin.

* * *

Bir guşjagaz Gökdäki Güne aşyk bolupdyr. Ol Güne ýetjek bolup, elinden gelenini etse-de, barybir, oňa ýetmek başartmandyr. Bir günem ol ýüregine bire baglap, göterilipdir asmana. Tä ýelekleri ýanyp gutarýança uçupdyr. Ahyry ganatlary ýanyp gutaryp, aşak gaçypdyr. Ýöne ol guşjagaz henizlerem dirimiş, şol Güne ýetmegiň arzuwynda ýaşaýarmyş.                                                                                                Göwnüm hem şol guş mysaly, saňa ýetmegiň yşgynda, söýgim! Ony mundan artyk örteme…

* * *

Gülleriň Güne garap açylýandygy barada eşitdiňmi?! Ýüregimiň hem her gezek seni görende gül-gül açylýandygyna näme diýersiň?!

* * *

Söýginiň girelgesi müňlerçe, çykalgasy bolsa ýok…

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Ýene-de okaň

Cooperation Discussed on the “Karabakh” and “Akhal-Teke” Horses

The synchronisation of the development of the Baku and Turkmenbashi ports has been discussed

Turkmen School Students Participate in a STEM Olympiad in Astana

National Leader of the Turkmen People Congratulates President of Azerbaijan and Prime Minister of Armenia on Receiving the “Zayed Award for Human Fraternity”

Olympic Council of Asia Signs Host City Contract for the 2029 Asian Winter Games in Almaty

Turkmenistan and UAE to Develop Economic Cooperation Program