GENERAL

Mugallymyñ sapagy

Mugallym ýa-da mekdep hakda söz açylsa meniñ ilki ýadyma dűşýäni, goñşy bolup ýaşan biologiýa sapagyndan okadan Muhammetnazar mugallymdy. Hawa onda-da nähili ýada dűşmek, onuñ maña beren sapagy hiç ýadymdan çykmaýar. Anyk ýadyma dűşenok 5-nji ýa-da 6-njy synpda okaýan döwrűmiz bir gűn biologiýa sapakdan 5-lik alypdym. Ol gűn agşamlyk ertirki sapaklarma taýynlanyp otyrkam şu gűn 5-lik aldym ertir menden mugallym sapak soramaz, munda ýazmaly zat ýok diýip biologiýa kitabymy sumkama salyp beýleki sapaklarma taýynlanyp ýatdym. Ertesi 2-nji sagat biologiýa sapakdy. Jañ kakylyp sapak başlady. Mugallym synpa gelip biz bilen salamlaşyp ýerine geçip otyrdyda kitabyñyzy çykaryñda açman partañ űstûnde goýuñ diýdi. Soñra bolsa kim sapagyñ adyny aýtsa 5-lik baha goýjak diýip bize ýűzlendi. Synpdaky 31 okuwçydan diñe biriniñ eli ýokary galyp, galan okuwçy bolsa aşak bakýardy. Arasynda men hem bardym. Mugallym sapak aýtmakçy bolýan okuwçydan galanmyzy ýerimizden turuzup käýýemäge başlady. Okuwçylaryñ arasynda aýlanyp ýörşÅ±ne meniñ ýanyma gelip,,
Sen näme? Dűýn 5-lik alan okuwçyda bu gűne taýynlanman arkaýyn bolup geldiñmi" diýip ýeñsäme şarpyk çalyp goýberdi. Şol şarpyk şol wagt juda ýokuş degsede, indi uly adam bolup oýlanyp görýän welin mugallymyñ şol beren sapagy maña durmuşda-da diñe şu gűnűñ geçenine arkaýyn bolman ertirki gűnede mydama taýyn bolup gezmelidigni ýatladyp duran ýaly hiç ýadymdan çykanok.

Mustapa Welläýew

Bäsleşik barada giňişleýin maglumat üçin

Awtorlar Ýeňijini Kesgitleýär :”Ata Watan Eserleri” bäsleşigi

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=NDM3Mw==

“ Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi : RedMi 7A Size garaşýar!

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=NDIyMw==

Ýene-de okaň

UAE Embassy in Turkmenistan is organizing second round of Emirates-Turkmenistan Fitness Games

UNDP and British Embassy Deepen Partnership with Turkmenistan on Economic Diversification

The Ambassador of Kazakhstan to Turkmenistan met with the heads of the fuel and energy complex of Turkmenistan

Turkmenistan and Qatar held consultations on the Roadmap for cooperation in the field of education

University of Lahore offers Scholarships for Turkmen Students

Сhess tournament in honor of the 33rd anniversary of Turkmenistan’s Independence hosted in Türkiye