Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary arkaly berkidilen döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Prezident Şawkat Mirziýoýew pursatdan peýdalanyp, türkmen kärdeşini doglan güni bilen gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk, ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan köptaraply işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şunda Özbegistanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegine aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazandy.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ýakyn goňşusy we öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolan Özbegistan Respublikasy bilen ýola goýulýan dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini belledi. Şoňa görä-de, Türkmenistanda doganlyk özbek halkynyň Liderini mähirli we hoşniýetli garşylamaga örän şatdyrys.
Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde anyk netijelere gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, obasenagat toplumynda we başga-da birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek, iki ýurduň hem-de tutuş sebitiň ykdysady taýdan ösüşine kybap gelýän giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şeýle hem döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň wajypdygy barada aýdyldy.
Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we ählumumy gün tertibiniň birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň BMG-niň, GDA-nyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassykladylar.
Milli Liderimiz özbek kärdeşini awgust aýynda geçiriljek we ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän sebit hem-de sebitara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birek-birege düşünişmek hem-de ynanyşmak derejesiniň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, birek-birege jan saglyk we üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik özbek tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.