GENERAL

40 ýyllyk syr ilkinji synanyşykda çözüldi

Bir kanadaly syýahatçy Wermilion Heritaj muzeýinde indi 40 ýyldan bäri saklanýan we şonça ýylyň dowamynda hiç kime açmagy başartmadyk seýfi ilkinji synanyşygynda açdy. Bu barada CNN habar berýär.

“Syrly seýf Kanadadaky muzeýde onlarça ýylyň dowamynda saklanylýar. Ony açmak üçin demir ussalary, hatda öndüren kompaniýanyň wekilleri hem birnäçe ýola synanyşdylar. Ýöne 40 ýylyň dowamynda bu seýfi açyp bilen ýekeje adam hem tapylmady. Syýahatçy bolsa ony ilkinji synanyşygynda açdy” diýip, teleýaýlymyň habarynda aýdylýar.

Aýdylyşyna görä, muzeýiň ýapykdygyna garamazdan, oňa girmäge isleg bildiren syýahatçy seýfiň syryny ýeňillik bilen bildi. Ol gulpa gulagyny tutup, 60 sany san belgisi ýerleşdirilen aýlawda 20-40-60 beldileriniň üstünde durdy we seýf açyldy. Şeýle ýeňil gizlin belgini 40 ýylyň dowamynda hiç kimiň bilmändigi bolsa juda täsindir. Seýfden 1900-nji ýylda 80-nji ýyllara çenli işlän “Brunswik” myhmanhansynda işlän bir hyzmatçy zenana degişli käbir şahsy zatlar çykdy.

Ýene-de okaň

U.S. Ambassador Elizabeth Rood Strengthens U.S.-Turkmen Ties

Turkmenistan at the Beijing+30 Conference: achievements and plans in the field of gender equality

SCAFFOLD: A New Teaching Methodology for Turkmen Educators

Russian Railways is ready to create a mobile medical complex for Turkmenistan

Turkmengaz Chairman met with Minister of Energy and Natural Resources of Türkiye in Istanbul

Days of Turkmen Cinema in Georgia