GENERAL

«Terminatoryň» prodýusseri Özbegistanda kino surata düşürer

ABŞ-ly meşhur prodýusser Lourens Alan Kasanoff ýakynda Özbegistanyň milli kinokomissiýasynyň wekilleri bilen bilelikde Samarkand, Buhara hem-de Daşkent şäherlerine aýlanyp gördi. Bu gezelenjiň esasy maksady prodýusseriň täze filmi üçin sahnalary gözlemegidir.

Özbek metbugatynyň ýazmagyna görä, prodýusseriň täze filmi dolulygyna däl-de, onuň diňe bir epizody Özbegistanda surata düşüriler. Bu işe özbek kinomatograflary hem uly höwes bilen çemeleşýärler.

«Mortal Combat» tapgyryny esaslandyryjy Lourens Kasanoff dürli ýyllarda «Terminator», «Lego ― ýyldyzlaryň söweşi» ýaly filmlerde prodýusserlik etdi. «Terminator 2: Kyýamat güni» filmindäki täsirli sahnalar üçin bolsa ol Oskar baýragyna-da mynasyp boldy.

Related posts

Kitaplar olmasaydı ne olurdu?

Ata Watan Eserleri

Afghanistan and Turkmenistan Discuss Progress on TAPI Gas Pipeline Project

Başkent Aşkabat’ta 1320 adet Modern Daire Daha inşa edildi.

vepa