Türkmenistanyň başlangyjy bilen tutuş dünýäde 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni hökmünde giňden bellenýär. Bu halkara baýramçylyk Ginnesiň rekordlar kitabyna Türkmenistanyň täzeden girmegi bilen has-da goşalandy. Paýtagtymyz Aşgabatda 2 müň 19 welosipedliniň dowamly hem-de yzygiderli welosiped sürmegi netijesinde täze rekord goýuldy.
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň ak mermerli paýtagty Aşgabatda uly dabara geçirildi. Saglyk ýolunyň golaýynda geçirilen dabara Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Şeýle hem dabara hökümet agzalary, ministrlikleri we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjylary Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady. Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp, medeni-jemgyýetçilik, bedenterbiýe-sport mazmunly çäreleriň, welosipedli ýaryşlaryň, ýörite sergilerdir döredijilik bäsleşikleriniň geçirilýändigini bellän Türkmenistanyň Prezidenti Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welosiped sportunyň köpçülikleýin ýaýbaňlandyrylmagy hem-de welosipedli gezelenç etmegiň täsirli dynç alyş bilen utgaşdyrylmagy sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän türkmen halkynyň sportuň bu görnüşine bolan höwesiniň barha ýokarlanýandygyny, bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetiň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegine öwrülýändigini belläp geçdi.
Soňra dabarada şatlykly habar mälim edildi. Bu barada Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabynyň resmi wekili Şeýda Subaşy Gemijiniň sözlän sözünde hem aýratyn nygtaldy. Ol Bütindünýä welosiped gününiň innesiň Bütindünýä Rekordlar kitaby üçin hem üýtgeşik waka bolandygy belledi. Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabynyň resmi wekiliniň bellemegine görä, paýtagtymyz Aşgabatda Olimpiýa şäherçesiniň daşynda 2019 welosipedliniň dowamly hem-de yzygiderli welosiped sürmegi netijesinde täze rekord goýuldy. Şonuň bilen mynasybetli Şeýda Subaşy Gemiji hormatly Prezidentimizi hem-de tutuş türkmen halkyny gutlady.
Ginnesiň Bütindünýä Rekordlar kitabynyň resmi wekili Şeýda Subaşy Gemiji täze rekordyň resmi şahadatnamasy dabaraly ýagdaýda gowşurdy.