GENERAL

Altyn Asyr we Hujandy :1:0

AFC-niň kubogynyň toparçadaky oýnunda Türkmenistanyň çempiony «Altyn asyr» Aşgabat şäherindäki «Köpetdag» stadionynda Täjigistanyň wise-çempiony «Hujandy» kabul edip, 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Türkmen futbolçylaryna ýeňiş getiren ýeke-täk pökgini duşuşygyň 32-nji minutynda Myrat Ýagşyýew tora saldy. Şeýle-de, ol oýnuň iň ökde oýunçysy diýlip yglan edildi.

Toparçada 1-nji orny eýeleýän Täjigistanyň çempiony «Istiklol» myhmançylykda Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý» topary bilen duşuşdy. Bu oýunda garaşylmadyk ýagdaýda meýdança eýeleri 2:1 hasbynda üstün çykmak bilen bassyr 3 deňlikden soň ýeňiş gazanan «Altyn asyryň» mümkinçiligini ýokarlandyrdylar.

«Dordoýa» ýeňiş getiren iki goluň birini bu toparyň türkmenistanly hüjümçisi Wahyt Orazsähedowyň öz adyna ýazdyrandygyny aýtmak gerek. «Altyn asyryň» nobatdaky tapgyrda «Dordoýy» kabul edýär.

4 tapgyrdan soň 1-nji orny eýeleýän «Istiklolyň» 7 oçkosy, 2-nji orunda barýan «Altyn asyryň» 6 oçkosy bar. Olaryň haýsy biriniň toparçanyň ýeňijisi boljakdygy soňky tapgyrdaky özara oýundan soň belli bolsa gerek.

 

Ýene-de okaň

Mobile Application of the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan Launched

Turkmen-Kuwaiti business partnership were discussed in El Kuwait

The Secretary-General Receives Credentials of the New Permanent Representative of Turkmenistan

Turkmen–Iranian relations discussed

Prospects for strengthening Turkmen-Thailand cooperation discussed in Bangkok

Cooperation Discussed on the “Karabakh” and “Akhal-Teke” Horses