GENERAL

Elektromobil önümçiligi juda ýakynda – goňşularymyzda

Ýakyn geljekde özbek hünärmenleri “Hyundai” kompaniýasynyň wekilleri bilen bilelikde “Kukon” erkin ykdysady zolagynda ilkinji elektromobilleri öndürip başlar. Özbek metbugatynyň ýazmagyna görä, bu işi “Listem-Fergana” bilelikdäki kärhanasy amala aşyrar.

Aýdylyşy ýaly, “Kukon” erkin ykdysady zolagynda kömür işläp çykarmaga, kagyz önümçiligine girişildi. “Fargonaazot”, “Kukonsuperfosfat” paýdarlar jemgyýetleri hem öz işini şu zolakda alyp barýar. Indi bolsa bu ýerde Özbegistanyň taryhynda ilkinji elekrtik bilen işleýän ulaglar hem öndürilip başlanar.

Metbugat serişdeleriniň ýazmagyna görä, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem bu işe rugsat berdi. Häzir iki tarapyň hünärmenleri bilelikdäki hyzmatdaşlygyň taslamasyny işläp düzýärler.

Related posts

Dünýäde iň uly agyz açarlar

vepa

Awtomobil ulagyny dolandyrmaga hukuk berýän ynanç hatlary

vepa

Türkmenistan’da Ekonomi Fuarı düzenleniyor

vepa