GENERAL

“Liwerpulyň” ynanylmajak üstünligi

8-nji maýa geçilen gije futbol boýunça Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň çäginde Angliýanyň “Liwerpuly” bilen Ispaniýanyň “Barselonasynyň” arasynda täsin duşuşyk bolup geçdi. “Kamp Naoda” (Ispaniýa) geçirilen ilkinji duşuşykda “Barselonadan” 0:3 hasabynda ýeňlen “Liwerpul” bu gezek öz meýdanynda güýçli garşydaşynyň derwezesine jogapsyz pökgüleriň dördüsini geçirip, bassyr ikinji gezek Ýewropanyň birinji derejeli futbol ýaryşynyň finalyna çykdy.

Aslynda, “Barselona” iki pökgi tapawudy bilen utulmak hem ýeterlik bolup biljekdi. Birinji duşuşykdan soň hemmeler Lionel Messiniň we onuň topardaşlarynyň finala çykmagyna garaşýardylar. Ýöne futbolyň “jadygöýi” Ýurgen Kloppyň şägirtleri muňa ýol bermediler. Olar öz meýdanyndaky duşuşykda güýçli garşydaşyny 4:0 hasabynda utup, finala çykdylar.

Hüjümiň esasy oýunçylary Muhammet Salahyň, Firminýonyň we Nabi Keýtanyň gatnaşyp bilmedik duşuşygynda “Liwerpulyň” gollaryny Origi (7 we 79-njy minutlarda) we Weýnaldum (54 we 56-njy minutlarda) geçirdi.

 

Related posts

Halkara Türkmenbaşy deňiz porty “ENR iň gowy taslama” sylagyna mynasyp boldy

vepa

How to Make the Most of İstanbul During the 2026 UEFA Europa League Final

Online meeting of the Turkmenistan-European Union Joint Committee