WORLD

Fransiýada maý aýynda gar ýagdy

Demirgazyk ülkeleriniň biri bolsa, bu waka geň hem görünjek däl. Ýöne 5-nji maýda Fransiýanyň günorta böleklerinde garyň ýagmagy  ýerli ýaşaýjylary hem, dünýä metbugatyny hem haýran galdyrdy.

5-nji maýda War we Buş-dýu-Ron şäherlerinde ýagan garyň derejesi gyşdakydan kem däl. Ol ýollarda hereketiň haýallamagyna çenli getirdi. Şol gün şemalyň tizligi hem sagatda 140 kilometre çenli çykdy. Şu sebäpli bu şäherlerde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Ýurtda sowuk we garly günleriň birnäçe günläp dowam etmegine garaşylýar. Has täsin tarapy, howanyň üýtgemegi bilen, ýylyň haýsy paslydygyna garamazdan, demirgazykdan uzakdaky döwletleriň islendik birinde sowuga-da, gara-da garaşyp boljakdygy aýdylýar.

Related posts

Cooperation with the International Road Transport Union

İstanbul provides once-in-a-lifetime experiences for solo travellers

Time to Ski in Türkiye