GENERAL

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy Beýik Britaniýada geçirler

2019-njy ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmen-Britan Söwda we senagat geňeşiniň (TUКTIC) nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Lordlar Palatasynyň agzasy Baronessa Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar iki ýurduň halkara guramalarynyň çäklerindäki we sebit derejesindäki ysnyşykly hyzmatdaşlygyna üns berdiler.

Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli duşuşyklaryň wajyplygy hakynda belläp, duşuşygyň barşynda taraplar indiki syýasy geňeşmeleriň 2019-njy ýylyň 2-nji ýarymynda ýa-da 2020-nji ýylda Aşgabatda geçirilmegini teklip etdiler.

Şeýle-de, söwda alyş-çalşygy boýunça anyk meseleleriň seredilmegi meýilleşdirilýän golaýdaky Türkmen-Britan Söwda we senagat geňeşiniň ýedinji mejlisi barada pikir alşyp, taraplar Türkmenistan bilen beýik Britaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady pudagy boýunça hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini aýratyn bellap geçdiler. Türkmenistanyň Maýa goýum forumyny Beýik Britaniýada geçirmek teklip edildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar medeni-ynsanperwer pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň taryhy mirasyny geljekde wagyz etmek maksady bilen, Beýik Britaniýanyň iri şäherlerinde Türkmenistanyň arheologiki sergilerini geçirmeklik teklip edildi.

Gepleşikleriň ahyrynda, taraplar iki ýurduň daşky gurşawy goramak pudagyndaky hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Turkmenistan’s Permanent Representative Presents Credentials to the UN Secretary-General

Ambassador of Turkmenistan Meets with IMF Executive Director

Round Table: Turkmenistan and Georgia – Current Issues of Bilateral Cooperation

Derya Soysal: Makul English to Turkmen Proverbs Book will build a bridge between countries

Azerbaijan–Turkmenistan energy relations discussed

The delegation of Turkmenistan participates in the 82nd session of ESCAP