GENERAL

Höwesjeň agyr atletikaçy ýene dünýä rekordyny goýdy

ABŞ-nyň Arkanzas ştatynda ýaşaýan Şeri Mobli ýaşy bir çene baransoň, osteporoz keselinden ejir çekip başlady. Lukmanlar oňa agyr atletika bilen meşgullanmagy maslahat berdiler…

Şeýlelikde Şeri Mobli 60 ýaşynda agyra atletika bilen meşgullanyp başlady. Ol häzir 69 ýaşynda. Täsin tarapy ýakynda dünýäniň iň ýaşuly höwesjeň agyr atletikaçylarynyň biri hasaplanylýan bu ýene pauerlifting boýunça dünýä rekordyny täzeledi.

Bu barada berilýän habarlarda Şeri Mobliniň öz agramy görkezilmändir, ýöne onuň 138 kilogram agyrlykdaky ştangany galdyryp, öz agram derejesinde dünýä rekordyny goýandygy aýdylýar. Gyzykly tarapy, ýedi onlugy tegeläp barýan Şeri Mobli rekordy täzeläp biljekdigine ynanýar.

Related posts

The Embassy of Turkmenistan Participated in Asian Culture Festival in Ploiesti

Second Ministerial Dialogue “Central Asia + Japan” on Economy and Energy Held in Tokyo

Türkmen Lider, bugün New York’a gidiyor

vepa