GENERAL

Türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleri geçirildi

2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyndan gepleşiklere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Fransuz tarapynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Fransuz Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Žan-Batist Lemuan ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň başynda taraplar birek-biregi mähirli garşyladylar we Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan bu mejlisiň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler.

Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy özarahereketleriň işjeňleşdirilmegine, sebitleýin meselelere, şol sanda Owganystana, hökümetara we parlamentara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Fransiýanyň halkara guramalarynyň, has takygy BMG-niň, ÝB-niň we ÝHHG-nyň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlygy bellenilip geçildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryna seretmek bilen bu ulgamdaky özarahereketlere aýratyn üns berildi. Şeýle hem medeniýet, bilim we ylym, şonuň ýaly-da saglygy goraýyş ulgamlaryndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň derwaýyslygy bellenilip geçildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-fransuz toparynyň zerurlygyny nygtadylar. Şu gün bu toparyň üçünji mejlisiniň geçirilýändigini bellemek zerurdyr, oňa Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Fransiýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Syýasy geňeşmeleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara, has takygy “Diplomatik wekilhanalararynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň hünärmenleriniň maşgala agzalaryna zähmet işini alyp barmaga rugsat bermek hakyndaky Hökümetara Ylalaşygyna” we “Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna” gol çekmek dabarasy geçirildi.

Ýene-de okaň

Ashgabat Hosts “Wings of Friendship Run” to Celebrate Europe Day

Turkmenistan and Azerbaijan discuss cooperation in education

“Makul Language Handbook” Included in the Catalog of the U.S. Library of Congress

Türkiye’s Kaçkar Mountains Take the Global Stage with International Events

Preparations for the first Central Asia-Republic of Korea Summit discussed in Seoul

Deputy Minister of Science and Education of Azerbaijan visited Ashgabat