GENERAL

Gadymy Müsürde ösen tehnologiýa bolupdyr

Ýakynda arheologlar gadymy Müsür şalygyna degişli bolan suwa batan gaýygyň üstünden bardylar. Meseläniň täsin tarapy, alymlar henize çenli beýle gaýyga gabat gelmändiler. Täsin tehnologiýalara daýanýan dizaýny bilen aklyňy haýran edýän gaýygyň taslamasynyň biziň eýýamymyzdan ozalky 450 ýyllara degişlidir diýlip çaklanylýar.

Gaýyk Isgendriýanyň 32 kilometr golaýynda Nil derýasynyň ýakynynda gadymy Müsüriň Tonis-Geraklion atly gark bolan şäheriniň golaýyndan tapyldy. Umumy uzynlygy 28 metr bolandyr diýlip çaklanylýan gaýykdaky çylşyrymly konstruksiýalar alymlaryň aklyny haýran  etdi. Olaryň käbiriniň syryny XXI asyryň ylmynyň hem çözüp biljegi gümana.
Şunça asyrlap suwuň aşagynda ýatsa-da, gaýygyň 70 göterimi abat saklanyp galypdyr. Alymlar gaýygyň taslamaçysynyň “Taryhyň atasy” hasaplanylýan Gerodot bolaýmagynyň ähtimallygyny hem öňe sürýärler.

Related posts

PETRONAS Aims to Monetize Gas on Turkmenistan’s Caspian Shelf

Türk Dış İşler Bakanı Dergimiz için Makale Yazdı

vepa

Asya Oyunları ile ilgili Basın Toplantısı yapıldı

vepa