GENERAL

Bilelikdäki film syýahatçylary artdyrdy

Özbek kinematograflarynyň hindi kärdeşleri bilen bilelikde surata düşüren “Çäksiz guwanç” atly filmi daşary ýurtly syýahatçylaryň Özbegistana bolan gyzyklanmasyny artdyrdy. Dünýä metbugatynyň ýazmagyna görä, bu filmiň Hindistanda görkezilmegi bilen, ýurda gelýän hindi syýahatçylarynyň sany ozalkysyndan iki esse köpeldi.

“Özbekkino” birleşiginiň müdiri Furkat Zakirowyň aýtmagyna görä, bu film başga bir gyzykly ýagdaýa getirdi. Özbegistana hindi syýahatçylarynyň barha artan islegi sebäpli, iki ýurduň arasyndaky awiagatnawlaryň sanyny hem artdyrmak gerek boldy.

Komediýa Žanryndaky film Hindistanyň “Dev entertainment” kompaniýasy bilen bilelikde surata düşürildi. Aniket Çattopadhaýyň reŽissýorlyk eden filmi Hindistanda geçen ýylyň 12-nji oktýabryndan bäri görkezilýär. Häzir film özbek diline terjime edilýär. Ola ýakyn wagtda özbek kinomuşdaklaryna hem gowşar diýip, ýurduň metbugaty ýazýar. Dört doganyň başdan geçirmeleri hakda gürrüň berýän filmiň käbir sahnalary Özbegistanyň Daşkent, Samarkand we Buhara şäherlerinde, şeýle-de Russiýanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň we Azerbaýjanyň käbir şäherlerinde surata düşürildi.

 

Ýene-de okaň

What to taste in İzmir: Exploring Türkiye’s Aegean Flavours

Meeting of the Deputy Ministers of Foreign Affairs of Turkmenistan and the Republic of Armenia

Foreign ministers of Turkmenistan and Iran had a telephone conversation

Azerbaijani opera performers take stage at TURKSOY Gala in Ashgabat

The Ambassador of Turkmenistan met with Assistant Secretary Paul Kapur

Ambassador of Turkmenistan Met with the CEO of Dragon Oil