GENERAL

“Seň ýanyňa barýan, eje…”

…Men ýene günbatara sary ýolagçy. Şäherden çetleşip başlanymyzda, eýýäm iňrik garalyberipdi. Daşarda martyň salkyn, mymyk şemaly. Ýaňy tebigata jan girip, baglaryň pyntyklap başlan döwri. Gögerip başlan ýaşylja otlar hem eýýäm barmak boýuna galypdyr. Asmanyň gözelligini diýsene. Her ýerde gaýmalaşýan ak pamyk ýaly bulutlar. Wah, şu hal, hut, şol ak bulutlary ýassyk edinip, asmanyň gujagyna siňip, bir uka gitsedim…Daglaryň eteginde ýazylyp ýatan baýyrlar hem ýaşyl dona bürenipdir. Alnymyz ýaşyp barýan Güne tarap bolansoň, gyrmyzy şapagy uzak wagt synlamak bagty hem şu hal miýesser edipdi. Daş-töwerek nähili gözel. Ah…bu sazlaşygyň meni nähili heýjana getirýänini bir bilsediňiz…Men eýýäm başga dünýädedim. Arzuwçyl bolanymdanmy, nämemi, maňa hyýaly durmuşda ýaşamak lezzet berýär. Eýýäm oý-pikirlerim ak guş ýaly uçdy gitdi başga-başga ýerlere… Birdenem ulagyň içini mahmal sesli aýdymçy zenanyň aýdymy gurşap aldy. Aýdymyň sesi meniň hyýaly oý-pikirlerimi çym-pytrak etdi oturyberdi. Indi meniň bar ünsüm aýdymyň sözlerindedi. Ol sözler maňa şeýle bir ýakyn eşidilýär. Gynanmakdan, ýa begenmekden-ä däl, bir pursat duýgulandym öýdýän. Gözlerim dolup, hünji-hünji ýaş gaýdyberdi. Bäh…ýüregiňi ezip barýar-la bu aýdym. Sahydursunyň aýdymlaryny öň hem söýüp diňleýärdim welin, şu aýdymyny-ha, gaty ýüregime ýakyn saýdym

         “Menzil aşa, ýollar geçe,

Seň ýanyňa barýan, eje…”

Aýdymyň şujagaz setirlerini ejeme sms ýollasym geldi welin, arman ýola gaýtmankam “Meniň duýdansyz öýe barmagym – ejem üçin täzelik, sowgat bolar” diýen pikirlerimiň baryny inkär etmeli boljakdy. Ýazmadym. Ol zeruram däl aslynda. Çünki men şu hal hakykatdanam ak ýoldan barýaryn. Ol ýol meni aňyrsy bir ýarym sagadyň dowamynda uly mukaddesligiň goýnuna elter. Şol mukaddeslik maňa bir ömre ýeterlik mähir berer. Onsoň men dünýäniň iň bagtly ynsanyna öwrülerin! Şu wagt nähili bagtlydygymy bilse, bagtyň özi hem maňa bäs eder. Şu hal men dünýäň iň bagtly perzendi. Çünki men – seň ýanyňa barýan, eje…!

 

Aýbölek ABDYÝEWA

Ýene-de okaň

What to taste in İzmir: Exploring Türkiye’s Aegean Flavours

Meeting of the Deputy Ministers of Foreign Affairs of Turkmenistan and the Republic of Armenia

Foreign ministers of Turkmenistan and Iran had a telephone conversation

Azerbaijani opera performers take stage at TURKSOY Gala in Ashgabat

The Ambassador of Turkmenistan met with Assistant Secretary Paul Kapur

Ambassador of Turkmenistan Met with the CEO of Dragon Oil