GENERAL

Türkmenbaşy şäherinde Köpugurly hassahana gurular

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda Balkan welaýatynyň häkimi Türkmenbaşy şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän Köpugurly hassahananyň hem-de Ýokanç keseller hassahanasynyň taslamalary barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň saglygy we abadançylygy barada hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, wise-premýere we häkime täze guruljak hassahanalarda näsaglara ýokary derejeli kömegiň berilmegi hem-de lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleriniň hödürlenilmegi üçin ähli şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy. Hassahanalar döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilmelidir. 

Related posts

Turkmenistan participates to the 2020 Afghanistan Conference

Ata Watan Eserleri

Ticaret Mahkemesine atama gerçekleşti

vepa

Türkmen Lider, ABD’li şirketlileri TAPİ ’ye davet etti

vepa