GENERAL

Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek

2019-njy ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synyny taýýarlamak boýunça Pudagara toparynyň Mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady DÖM ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synyny taýýarlamagyň barşynyň seljerilmeginden ybarat bolup, degişli syna 2019-njy ýylyň iýulynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ştab-kwartirasynda geçiriljek Ýokary derejeli syýasy Forumyň çäklerinde serediler.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň çäklerinde kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi boýunça öňdebaryjy döwletleriň biri bolup durýandygy bellenilip geçildi. 2030-njy ýyla çenli döwrüň Gün tertibiniň 2015-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Sammitinde dünýä liderleri tarapyndan kabul edilendigini hem belläp geçmelidiris.

Mejlise gatnaşyjylar DÖM ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synyny taýýarlamak işinde häzirki wagta çenli ýerine ýetirilen işler hakynda çykyş etmek arkaly Türkmenistanda ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan degişli hereketleriň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegi boýunça önjeýli işleriň alnyp barylýandygyny nygtap geçdiler. Şeýle hem bu işe jemgyýetçilik guramalary, bilermenleri we ýaşlary çekmegiň wajyplygy hem bellenildi.

Ýene-de okaň

What to taste in İzmir: Exploring Türkiye’s Aegean Flavours

Meeting of the Deputy Ministers of Foreign Affairs of Turkmenistan and the Republic of Armenia

Foreign ministers of Turkmenistan and Iran had a telephone conversation

Azerbaijani opera performers take stage at TURKSOY Gala in Ashgabat

The Ambassador of Turkmenistan met with Assistant Secretary Paul Kapur

Ambassador of Turkmenistan Met with the CEO of Dragon Oil