GENERAL

«Hazar deňzi – Gara deňiz» ulag-tranzit geçelgesini döretmek

2019-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Peter Burianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.  Bu mazmunda, hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Wekilhanasyny açmak baradaky mesele bellenilip geçildi.    

Şeýle-de Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary kämilleşdirmekde Ýewropanyň nukda-ýnazaryny beýan edýän Bileleşigiň Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasy barada hem pikirler alyşyldy.  Bu strategiýa üç sany esasy ugurdan, ýagny ulag gatnaşyklaryny ösdürmekden, energiýa we sanly torlary döretmekden hem-de adamlaryň arasyndaky aragatnaşygy giňeltmekden ybaratdyr.

Soňra sebitara we parlamentara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de logistika, ulag, energetika we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek meselelerine seredilip geçildi.  Mundan ugur alyp taraplar, Türkmenistanyň Aral deňzini halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de Türkmenistan bilen Rumyniýanyň başlangyjy esasynda Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Rumyniýa ugry boýunça «Hazar deňzi – Gara deňiz» ulag-tranzit geçelgesini döretmek hakyndaky başlangyçlary hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-hem taraplar Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we sebitde özara hyzmatdaşlygyň gowulandyrylmagy boýunça pikirleri alyşdylar.

Ýene-de okaň

Croatian Minister of Foreign and European Affairs to Visit Turkmenistan

Turkmenistan and Georgia discuss priority areas of cooperation

Vice President of the Gurbanguly Berdimuhamedov Charitable Foundation Explores Azerbaijan’s Cultural Heritage

Announcement from the Embassy of Turkmenistan in the United States

Ilham Aliyev met wit Chairman of Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov

Asian Infrastructure Investment Bank to Participate in UN Conference in Avaza