GENERAL

60 Eýfele, 100 futbol meýdanyna barabar köpri

Ol Gonkong bilen Makaony birleşdirýär. Insi derýasynyň üstünde gurlan köpri millionlarça adam üçin ýaşaýyşy ýeňilleşdirdi. Onuň ugry boýunça gatnaýan derhal otly bolsa işläp başlan ilkinji günlerinden uly islege eýe boldy.

Dünýäniň iň uzyn deňizüsti köprüsiniň gurluşygy baradaky maglumatlar has hem täsin. Biler bolsaňyz, onuň gurluşygynda Eýfel diňiniň 60-syny dikmäge ýeterlik boljak metal ulanyldy. Ýolugra 7 kilometrlik ýerasty ýola-da birikýän köpriniň umumy uzynlygy 55 kilometre barabar. Göz öňüne getiriň, onuň üstünde 100 sany futbol meýdanyny ýerleşdirip bolar.

Hytaýyň Awtoýollar müdirliginiň hünärmeni, köpriniň taslamasynyň ýolbaşçysy Raýmond Konguň aýtmagyna görä, ol gurulmanka, 3 şäheriň ýaşaýjylary biri-biriniňkä gitmek üçin aýlagyň daşyndan aýlanmaga mejburdy. Munuň üçin olar 200 kilometrden hem gowrak ýol geçmeli bolýardylar. Bu bolsa azyndan 4 sagady talap edýär. Köpriniň gurulmagy bilen şäherleriň arasyndaky aralyk 65 kilometre çenli gysgaldy. Bu «70 million adama döredilen mümkinçilik» diýmekdir.

2018-nji ýylyň oktýabrynda ulanylmaga berlen köpri 10 ýylyň dowamynda guruldy. Ol 120 ýyla çenli kepillendirilýär.

 

Ýene-de okaň

A briefing dedicated to the 34th anniversary of Turkmenistan’s Independence, the 30th anniversary of permanent Neutrality, and the results of the meeting of Halk Maslahaty of Turkmenistan was held in Moscow

A festive reception dedicated to the 34th anniversary of Turkmenistan’s Independence was held in Doha

Triumph of Quality: Arkadag’s Baby Food Wins Gold at WorldFood Moscow 2025

Gurbanguly Berdimuhamedov Charitable Foundation Launches Social Projects in Turkmenistan and Mosque Construction in Azerbaijan

Meeting of the Ambassador of Turkmenistan at the Ministry of Foreign Affairs of Georgia

Turkmen Scholar from California: The Makul Dictionary serves as a common reference point for Turkmens worldwide.