GENERAL

Ýene birnäçe günden…

…Bosagada – Täze ýyl. Ýene birnäçe günden täze umytlara beslenip geljek Täze ýyla görülýän taýýarlygy awtobusyň aýnasyndan synlamak neneň oňat eken.

         Ýaňy bir  iňrik garalyp başlapdy. Täze ýylyň täzeçe röwüşlerini synlamak üçin şähere çykdym. Edil beýleki ýolagçylar ýaly men hem uly dünýäni goýnuna jemläp barýan awtobusa mündüm. Ine-de, «syýahatym» şu ýerden başlady. Paýtagtyň gijeleri Täze ýyla golaý günlerde hasam gözel.  Ýollaryň ugrundaky ähli baglar baýramçylyk donuny geýipdir. Yşyklar – gözüňi gamaşdyrýar.  Ylla diýersiň, bu şäher ertekilerdäki ýaly. Ýolugra şäherdäki söwda merkezlerine degip geçdim. «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy», «Altyn asyr», «Berkarar», «Paýtagt», «Gülüstan», «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkezlerine aýlanyp ýörün. Bäh, asyl-a Täze ýylyň ýetip gelýänini söwda merkelerinden aňsaňam boljak eken. Durşuna Täze ýyl öwüşginleri. Arçalar, sowgatlyklar, geljekki ýyly aňladýan heýkeljikler, dürli-dürli bezegler…

         Şäherimizdäki seýilgähler hem geljek Täze ýyly ýokary derejede şöhlelendirýär. Juda ajaýyp, örän owadan bezegler bilen bezelen seýilgähleriň, megerem, goýnuna siňesiň geler durar. Bu ýerde kalby söýgüden püre-pür ynsanlaryň ýürek yşkynyň yşygy ýakylan. Heý, şondan soň bu ýerden öz erkiňe üzülip bolarmy?

         Men ýene-de awtobusyň aýnasyndan  şäheriň gözel gijesini synlap barýaryn. Awtobus Arçabil şaýoluna tarap öwrüldi. Ho-ol aňyrda Baş arçamyzyň depesindäki yşyklar görünýär. «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňünde gurnalan Döwlet arçamyzyň deňinde sägindim. Hemem şeýle pikirleri serimde aýladym: Ýene birnäçe günden, hut, şu ýerde ýurdumyz aýdym-sazly, şagalaňly ýagdaýda 2019-njy ýyly garşylar. Hut, şu ýerde, Baş arçanyň eteginde täze arzuwlar dörär. Kimseler täze bagta eýe bolar. Her bir ynsanyň kalbynda geljege bolan uly umyt uçgunlary tutaşar. Ol gün uzakda däl. Ýene birnäçe günden. Hut, şu ýerde…

Aýbölek ABDYÝEWA,

«Atawatan Türkmenistan» halkara

Žurnalynyň habarçysy.

 

 

Ýene-de okaň

Turkmenistan Airlines will launch a new Incheon-Ashgabat-Istanbul flight from July 14

Ata Watan Eserleri

Turkmen Foreign Minister Holds Talks with Counterparts on LLDC3 Preparations

Turkmenistan Celebrates Wheat Harvest Goal Achievement: Over 1.4 Million Tons Collected Through Dedication and Modern Technology Turkmenistan Celebrates Wheat Harvest Goal Achievement: Over 1.4 Million Tons Collected

UN Hosts Press Briefing on Upcoming Third Conference for Landlocked Developing Countries in Turkmenistan

Turkmenistan and the UN Sign Agreement to Host International LLDC3 Conference

The Embassy of Turkmenistan Participated in Asian Culture Festival in Ploiesti