GENERAL

Ibrahim Kuşlu: «Keramika – jadylaýjy sungat»

Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkiýeli nakgaş-keramikaçy Ibrahim Kuşlunyň eserleri bilen tanyşdyryş dabarasy boldy. Türkmen sungat ägirtleriniň aglabasynyň jemlenen bu sergisinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew, multiplikator Möjek Çaryýew dagy hem bar. Biz hem şol ýerde nakgaşçy Ibrahim Kuşlu  bilen söhbetdeş bolduk we şol söhbeti hem saýtymyzyň okyjylaryna ýetirýäris.

           – Sungata uly sarpa goýýan türkmen halkynyň arasynda sizi görenimize örän şat. Siz bu ýerde ilkinji gezekmi?

           – Minnetdar. Hawa, ilkinji gezek gelýärin. Ýöne Türkmenistan ýurdy bilen men kiçiligimden bäri gaýybana tanyş.

           – Keramika işinde döredýän eserleriňiziň aglabasy haýsy şekiller?

           – Gap-gaçlar. Senetçilik, ýagny küýzeler we olaryň görnüşleri. Galyberse-de, miweleriň şekillerini hem çeperleşdirip, sungat eserlerine öwürmegi halaýaryn.

           – Olary nähili nagyşlar bilen bezeýärsiňiz?

           – Özüm-ä, milli nagyşlary halaýaryn. Hususan-da, döredýän eserlerimde arheologiki döwri janlandyrmagym halk köpçüliginiň, daşary ýurtly raýatlaryň eserlere bolan islegini has-da artdyrýar.

           – Türkmen nakgaşçylaryndan kimleriň eserleri bilen tanyşlygyňyz bar?

           – Saragt Babaýew. Ol ussada sarpam uludyr. Köp wagt bäri Saragt aganyň eserleri bilen gyzyklanýardym. Ony türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň ägirdi hasaplaýaryn. Bu günki gün maňa şol ägirt bilen didarlaşmak bagtynyň miýesser edendigi üçin men juda bagtly.

           – Ibrahim Kuşlu, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Sizi bu ýerde ýeneki günlerde görmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

           – Sag boluň!

    

  Söhbetdeş bolan Aýbölek ABDYÝEWA,

«Atawatan Türkmenistan» halkara

Žurnalynyň habarçysy

Ýene-de okaň

Political consultations held in Seoul between Turkmenistan and Korea

Türkiye’s Salomon Cappadocia Ultra-Trail Achieves Highest Score at the 1st UN Tourism Awards for Excellence in Sustainable Sports Tourism

Dr. Dovran Orazgylyjov: Makul English-Turkmen Language Handbook – intellectual initiative

Turkmen-Korean Inter-MFA consultations on consular issues held in Seoul

Deputy Foreign Minister of Turkmenistan Meets with Commissioner of the Immigration Service of the Republic of Korea

A cultural and musical evening organized by Turkmenistan in Paris