GENERAL

Ammar Toisif :Pyragynyň şygyrlary urdu dilinde

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen halkara sergisinde birnäçe ýurtlar bilen tanyşdyrýan sergilere göz gezdirip ýördüm. Birden hem Magtymguly Pyragynyň kitabyna gözüm düşdi. Sahypalaryny agtaryşdyryp görsem, şygyrlar urdu dilinde eken. Edil şo pursat hem ýanyma Päkistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili geldi. Özi bilen tanyşdyrdy. Galyberse-de, ol Päkistan baradaky maglumatlary biz bilen paýlaşdy.

         – Men, Ammar Toisif, Päkistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili. Bu günki gün Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän halkara sergisi, halkara ylmy-maslahaty Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ähli ýurtlaryň dost-doganlygyny has-da jebisleşdirdi. Sergide biz, esasan, çeper döredijiligimiz bilen tanyşdyrdyk. Çünki Päkistan döredijilige baý halk.  Türkmen halkynyň beýik şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary Päkistanda urdu diline terjime edilip, halk köpçüligine ýetirildi. Biziň ýazyjydyr şahyrlarymyz türkmen şygryýetine uly sarpa goýýarlar.  Mundan başga-da päkistanly nakgaşlaryň döreden eserleri bu günki serginiň bezegi boldy.

Ýene-de okaň

The film “The Composer” has been honored with special awards by TURKSOY

Success of Turkmen Youth in Astana: “Oguzrobot” Secures Qualification for Competition in China

Young Robotics Specialists of Turkmenistan Return from Dubai with 12 Medals

EU–Turkmenistan Partnership: Reviewing Achievements in 2025 and Looking Ahead to 2026

Press-meeting: Ashgabat-Tbilisi: a living bridge between ideas and new opportunities

Mobile Application of the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan Launched