GENERAL

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili j-p Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler. Owganystanyň daşyndaky syýasy ýagdaýyň gidişi boýunça meselelerine aýratyn orun berilen sebitleýin meseleler boýunça pikirleri alyşyp, taraplar iki döwletiň arasynda mümkinçiliklerine, şeýle hem halkara guramalaryň çäginde syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine seretdiler. Hususan-da, bitarap Türkmenistanyň Owganystan boýunça halkara başlangyçlarynyň işjeň agzasy bolmak bilen, birnäçe ýyllaryň dowamynda Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça tagallalary edip gelýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda esasy üns, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň goňşy Owganystanda parahatçylyk ýagdaýyny ýola goýmakda özüniň syýasy-diplomatik giňişligini bermäge taýýardygy baradaky başlangyjyna çekildi.

Owgan meselesine ünsi çekmek bilen Z.Halilzad Owaganystanda durmuşa geçirilýän infrastruktura taslamalaryna ýokary baha berdi hem-de olaryň goňşy Owganystanda we tutuş sebitde howpsuzlygy üpjün etmekdäki zerurlygyny belledi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) ugry boýunça elektrogeçirijileriň we optiki-süýümli aragatnaşygynyň geçirijisiniň şeýle hem Serhetabat-Turgundy-Gerat, Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýollarynyň durmuşa geçirilmegi sebitiň tutuş geosyýasy kartasyny üýtgeder diýip kabul edildi.

Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmeginiň zerurlygyny belläp, taraplar ony geljekde özarabähbitli esasda giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Ýene-de okaň

The film “The Composer” has been honored with special awards by TURKSOY

Success of Turkmen Youth in Astana: “Oguzrobot” Secures Qualification for Competition in China

Young Robotics Specialists of Turkmenistan Return from Dubai with 12 Medals

EU–Turkmenistan Partnership: Reviewing Achievements in 2025 and Looking Ahead to 2026

Press-meeting: Ashgabat-Tbilisi: a living bridge between ideas and new opportunities

Mobile Application of the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan Launched