Türkmenistanyň Serhet Instituty 2019-2020-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul edýär. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda bildiriş berlipdir. Bildirişe laýyklykda orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen raýatlaryň 24 ýaş dolýança, Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan raýatlar çagyryş boýunça harby gullugy geçmezden 25 ýaşy dolýança, borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar 25 ýaşy dolýança ýaş derejeleri boýunça kabul edilýär. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2019-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar. Okuwyň möhleti 4 ýyl. Resminamalar 2019-nji ýylyň 20-nji martyna çenli kabul edilýär.
Giňişleýin maglumat üçin :
Türkmenistanyň Serhet Instituty
Aşgabat ş. Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 175-nji jaýy Tel : +9993 12 40 49 60 / 61/26
Ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin habarlary gyzgyny bilen okamak üçin biziň sosial ulgamyza goşulyň!
Resmi Instagram Hesabımız için :
https://www.instagram.com/atavatanturkmenistan/
Resmi Facebook Hesabımız için :
https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/
Line İD : @atavatanjournal
Resmi Twitter Hesabımız için
https://twitter.com/AtavatanJournal
Resmi Linkedin Hesabımız için :
https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/
IMO Hesabı : +993 65 80 24 70