GENERAL

Gazagystanyň Türkmenistandaky medeniýet günleri tamamlandy

Paýtagtymyzda güýz paslynyň ahyrky güni aýdym-saz bilen jemlendi. Has takygy, şu gün “Watan” kinokonsert merkezinde Gazagystan döwletiniň üç gün bäri dowam edýän medeniýet günleriniň ahyrky çykyşy geçirildi. Türkmen-gazak sungat ussatlarynyň bilelikde taýýarlan konsertleri iki ýurduň dostana gatnaşyklaryny ýokary derejede şöhlelendirdi. Konsertde Türkmenistanyň halk artisti Pälwan Hamydow “Kiçiniň” türkmen halk aýdymy bilen, Suhan Orazberdiýew ýurdumyzy wasp edýän “Türkmenistan” aýdymy bilen, Türkmenistanyň at gazanan artisti Züleýha Kakaýewa “Gökderäniň nagmalary”, “Atajan Berdiýew “Ýaşasyn, dost-doganlyk aýdymy”, Ilşat Annamämmedow “Aýlana” aýdymy bilen çykyş etdiler. Gazagystanyň meşhur estrada ýyldyzy Berdibek Kulgaraýewiň ýerine ýetiren “Gazagystanym”, Aýyda Baýgelowanyň “Aktanyň sazy”, milli aýdym-saz toparynyň aýdymçylary Akmaral Ýerimbetowa, Nurym Askanow  hem-de Aýgeri KulŽasarowanyň aýdan aýdymlary ähli tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.   Bu diňe bir aýdym-sazdan ybarat çykyş bolman, eýsem iki ýurduň milli medeniýetini, sungatyny, däp-dessuryny, galyberse-de dost-doganlygyny äşgär edýän medeni waka boldy. Konsert türkmen – gazak birleşen tans toparlarynyň ýerine ýetiren, türkmen halk döredijiliginiň iň naýbaşysy bolan “Küştdepdi” tansy bilen jemlendi.   

Ýene-de okaň

The film “The Composer” has been honored with special awards by TURKSOY

Success of Turkmen Youth in Astana: “Oguzrobot” Secures Qualification for Competition in China

Young Robotics Specialists of Turkmenistan Return from Dubai with 12 Medals

EU–Turkmenistan Partnership: Reviewing Achievements in 2025 and Looking Ahead to 2026

Press-meeting: Ashgabat-Tbilisi: a living bridge between ideas and new opportunities

Mobile Application of the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan Launched