GENERAL

Kulgaraýew: “Türkmenistan – medeniýetiň mesgeni”

“Watan” kinokonsert merkezi. Gazagystan döwletiniň ýurdumyzdaky medeniýet günleri. Bu ýerde şol ýurduň sungat ussatlarynyň köpüsi jemlenen.  Esasy bellemeli zat, şol sungat ussatlarynyň arasynda Gazagystanyň meşhur estrada ýyldyzy Berdibek Kulgaraýew hem bar. Biz hem onuň bilen söhbetdeş bolup, ýürek buýsanjyny saýtymyzyň okyjylary bilen paýlaşmagy müwessa bildik. Atawatan Türkmenistan halkara Žurnalynyň habarçysy Aýbölek Abdyýewanyň taýýarlan söhbetdeşligini ýetirýäris.  

– Berdibek, ilki bilen-ä sizi Aşgabatda hoş gördük! Siz türkmen topragynda ilkinji gezekmi?

– Minnetdar! Hawa, Türkmenistana ilkinji gezek gelşim. Muňa garamazdan, türkmen doganlarymyzy ilkinji gezek görenimde nähilidir bir ýakynlyk duýdum.

–  Gazagystandan gelen toparyň düzümini nähili medeniýet işgärleri düzýär?

– Aýdymçylar, folklor tans toparlary, alypbaryjy, “Kalibri” milli lybaslar topary, “Ýyldyzlar” aýdym-saz topary…  

– Bu günki konsertde türkmen aýdym-saz sungatynyň ussatlary bilen çykyş etmek sizde nähili täsir galdyrdy?

– Gowy, onda-da örän gowy. Öňler diňe internet ulgamynda türkmen aýdym sazlary bilen tanyşlygym bar bolan bolsa, bu günki gün ol jadyly sungata janly şaýat bolmak üýtgeşik zat. Türkmeniň milli sazlary, aýdyma kybap milli lybaslary elmydama göz öňümde janlanyp durjak şekilleriň döremegine sebäp boldy.

 – Türkmenistan diýlende, ilki bilen hakydaňyzda näme janlanar?

         – Ilkinji nobatda – Aşgabat. Soňra türkmen halkynyň myhmansöýerligi, soňra hem…

  –  Ýeri?

         – Soňra hem türkmen metbugatynda ilkinji tanyş bolan “Atavatan Turkmenistan” Žurnalym. Bu Žurnal meniň Türkmenistan baradaky bilýän maglumatlarymyň has-da giňelmegine ýardam etdi.

   – Berdibek, ajaýyp söhbetiňiz üçin size minnetdarlygymyzy bildirýäris. Mundan beýläk hem aýdym-saz äleminde owazyňyz belentden belent ýaňlansyn!

         – Sag boluň!                  

Ýene-de okaň

The film “The Composer” has been honored with special awards by TURKSOY

Success of Turkmen Youth in Astana: “Oguzrobot” Secures Qualification for Competition in China

Young Robotics Specialists of Turkmenistan Return from Dubai with 12 Medals

EU–Turkmenistan Partnership: Reviewing Achievements in 2025 and Looking Ahead to 2026

Press-meeting: Ashgabat-Tbilisi: a living bridge between ideas and new opportunities

Mobile Application of the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan Launched