Sport muşdaklarynyň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan iri ýaryşy agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda badalga aldy. 100-e golaý ýurtdan 800 töweregi türgeniň gatnaşmagyndaky ýaryş täze rekordlaryň başlangyjy bolar. Halkara agyr atletika federasiýasy (İWF) resmi internet sahypasynda bu çempionat bilen baglanyşykly kitapjça ýerleşdirdi. Bu kitapçada çempionata gatnaşýan türgenler, olaryň kategoriýalary, eminler we beýleki tehniki bilermenler barada maglumatlar ýerleşdirildi.
Kitapçadaky maglumata görä, iň köp türgenli toparda 13 türgen bolup, iň az gatnaşyjysy bolan toparda 4 türgen bar. Çempionatyň baş eminleri 2 topara bölünip, olarda 5 baş emin ýaryşa gözegçilik edýär. Beýleki eminler bolsa 4 toparda, her toparda 4 emin bar.
Dünýä çempionaty 55 kg agramdaky zenanlaryň D topary bilen başlady. 10-njy noýabra çenli dowam etjek çempionatyň açylyş dabarasy şu gün agşam sagatlarynda bolar.
TÜRKMENİSTANYÑ MILLI ÝYGYNDYSY
|
Belgisi |
Ady, Familiýasy |
Agramy we topary |
Ýaryşjak senesi |
Wagty |
|
1 |
9 |
Omarguly Handurdyýew |
61 kg, C |
01.11.2018 |
19:00
|
Toparda 9 türgen bar |
2 |
99 |
Ýulduz Jumabaýewa |
45 kg, A |
02.11.2018 |
17:25 |
Toparda 8 türgen bar |
3 |
74 |
Kristina Şermetova |
55 kg, A |
03.11.2018 |
19:55 |
Toparda 10 türgen bar |
4 |
61 |
Maksat Meredov |
73 kg, B |
04.11.2018 |
10:00 |
Toparda 13 türgen bar |
5 |
408 |
Daýanç Aşyrow |
81 kg, C |
05.11.2018 |
10:00 |
Toparda 13 türgen bar |
6 |
88 |
Rejepbaý Rejepow |
81 kg, A |
05.11.2018 |
17:25 |
Toparda 11 türgen bar |
7 |
481 |
Pirguly Pirgulyýew |
89 kg, C |
06.11.208 |
10:00 |
Toparda 12 türgen bar |
8 |
572 |
Izzatbek Meredow |
89 kg, C |
06.11.2018 |
10:00 |
Toparda 12 türgen bar |
9 |
317 |
Gülnabat Kadyrowa |
71 kg, B |
06.11.2018 |
12:00 |
Toparda 9 türgen bar |
10 |
13 |
Öwez Öwezow |
102 kg, B |
08.11.2018 |
12:00 |
Toparda 11 türgen bar |
11 |
109 |
Aýsoltan Toýçyýewa |
81 kg, B |
08.11.2018 |
14:25 |
Toparda 11 türgen bar |
12 |
490 |
Hojamuhammet Toýçyýew |
+109 kg, A |
10.11.2018 |
17:25 |
Toparda 11 türgen bar |
Bellik: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 4 sany ätiýaçdaky türgen bar.