GENERAL

Türkmenistan Bütindünýa Maýa Goýum Forumyna gatnaşdy

2018-nji ýylyň 22-26-njy oktýabry aralygynda düzüminde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň gurnamagynda geçirilen Bütindünýa maýa goýum forumynyň (BMF-2018) işine gatnaşdylar.

Her iki ýyldan geçirilýän Bütindünýa maýa goýum forumy maýa goýum we ösüş üçin tutuş dünýäniň öňdebaryjy platformasy bolup durýar.

“Durnukly ösüşe maýa goýmak” diýip atlandyrylan forumyň işiniň birinji gününde, Türkmenistan “Bütindünýä maýa goýum forumynyň maýa goýum obasy” atly serginiň barşynda özüniň ykdysady mümkinçiliklerini we maýa goýum işi bilen tanyşdyrdy.

2018-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti “Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada telekeçiligiň ösüşi” atly mowzugyň çäklerinde forumda çykyş edip, ýurtda durmuşa geçirilýän energetika, ulag we senagat pudaklaryndaky halkara taslamalary bilen tanyş etdiler.

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýa maýa goýum forumynyň çäklerinde geçirilen “Deňize çykalgasy ýok ýurtlara göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek” atly ýokary derejeli çärä gatnaşdy.

Bütindünýa maýa goýum forumy-2018-ň soňky gününde Türkmenistanyň sergi ekspozisiýasy BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň şahadatnamasyna mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Third UN Conference on Landlocked Developing Countries Opens in Awaza, Turkmenistan

UN Avaza Forum: Signing of a Package of Documents

Youth Forum in Awaza: Empowering Young Voices for the Future of Landlocked Developing Countries

Parliamentary Forum in Awaza

UN Secretary-General Arrives in Turkmenistan to Discuss Global Issues

Prime Minister of Nepal leaving for Turkmenistan