Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň resmi web saýtynda berilýän maglumatlara laýyklykda biometrik pasport almak üçin käbir ýagdaýlar bellenen.
Türkmenıstanyň Adalat mınıstrlıgı tarapyndan 2013-njı ýylyň 11-njy sentýabrynda 702 san bılen bellıge alnan Türkmenıstanyň raýatynyň Türkmenıstandan gıtmek we Türkmenıstana gelmek üçın pasportyny almak (çalyşmak) üçın talap edılýän resmınamalaryň sanawy aşakda berilýär.
1.Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin arzasy;
2.30mm x 40mm ölçegde bir sany reňkli surat (suratyň arka tarapy ak reňkde);
3.Türkmenistanyň raýatynyň pasporty we onuň nusgasy (16 ýaşyna ýeten raýatlar üçin);
4.Dogluş hakynda şahadatnama we onuň nusgasy (raýatyň dogluş hakynda şahadatnamasy hem-de dogluş hakynda nama ýazgysy saklanyp galmadyk halatynda, raýat ýagdaýynyň nama ýazgysynyň ýokdugy baradaky delilhaty);
5.Hemişelik ýaşaýan ýeri hakynda 1 aý möhlet bilen delilhaty (Türkmenistanyň çäklerinden daşary hemişelik ýaşamak üçin giden Türkmenistanyň raýatlaryndan delilhaty talap edilmeýär);
6.Türkmenistanyň çäklerinden daşary hemişelik ýaşamak üçin giden Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletinde ýaşaýandygyny tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;
7.Nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama we onuň nusgasy (raýatyň nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamasy hem-de nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakyndaky nama ýazgysy saklanyp galmadyk halatynda, raýat ýagdaýynyň nama ýazgysynyň ýokdugy baradaky delilhaty);
8.Harby bilet we onuň nusgasy ýa-da harby gulluga degişliligi barada harby wekillikden kepilnama (harby gullukçylar üçin gulluk şahsyýetnamasy);
9.Harby gullukçylar üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň rugsat haty (hereket edýän möhleti 6 aý);
10.Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin döwlet pajynyň töleg kagyzy ýa-da pasport almak (çalyşmak) üçin döwlet pajyny tölemekden boşadylandygyny tassyklaýan resminama;
11.16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň ata-eneleriniň Türkmenistanyň raýatynyň pasportlary we olaryň nusgalary;
12. 16 ýaşyna ýetmedik çagalara Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty resmileşdirilende, aýratyn halatlarda, aşakdaky resminamalar talap edilip bilner:
Çaganyň atasy hakyndaky maglumatlar çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasynda çaganyň enesiniň arzasy esasynda görkezilen halatynda, RÝNÝ edaralary ýa-da daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan berlen 27-nji görnüşdäki kepilnama;
Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri aradan çykan halatynda, aradan çykan ata-enäniň ölüm hakynda şahadatnamasy we ata-enesiniň biriniň Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny almak baradaky 1-nji görnüşindäki arzasynyň nusgasy;
Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri nam-nyşansyz gidendigi diýlip yglan edilen halatynda, şahsyň nam- nyşansyz gidendigini tassyklaýan resminama;
Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri ata-enelik hukugyndan mahrum edilen halatynda, ata-enesiniň ikisiniň ýa-da olaryň biriniň ata-enelik hukugyndan mahrum edilendigi barada resminama;
Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri raýatlygy bolmadyk adam bolan halatynda, çaganyň ata-enesiniň biriniň raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy;
Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri tussag edilen halatynda, tussag edilendigini tassyklaýan resminama we pasportlarynyň (pasportynyň) nusgasy;
Çaganyň ata-enesiniň ikisi ýa-da olaryň biri Türkmenistanyň çäklerinden hemişelik ýaşamak üçin daşary ýurt döwletine giden halatynda, pasportlarynyň (pasportynyň) nusgasy;
Çaganyň ata-enesiniň nikasy bozulan halatynda, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan ata-enesiniň biriniň Türkmenistanyň raýatynyň pasporty we ata-enesiniň beýlekisiniň pasportynyň nusgasy.
13. 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň ata-enesiniň ikisiniň ýa-da olaryň biriniň beýleki daşary ýurt döwletiň (döwletleriniň) pasporty (pasportlary) ýa-da onuň nusgasy (nusgalary), şol resminamalar bar bolan halatynda;
14. Kanuny wekil diýlip bellenen raýatyň wekilliginiň hukugyny (kanunylygyny) tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;
15. Kanuny wekil diýlip bellenen raýatyň pasporty we onuň nusgasy;
16. Şahsy maglumatlaryny üýtgeden raýatyň şahsy maglumatlarynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;
17. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty ýitirilen ýa-da ogurlanan halatynda:
Türkmenistanyň çäklerinde: pasportyň yitirilendigi ýa-da ogurlanandygy barada Türkmenistanyň içeri işler edaralary tarapyndan berlen kepilnama;
Türkmenistanyň çäklerinden daşarda: pasportyň yitirilendigi ýa-da ogurlanandygy barada daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen kepilnama, şeýle hem daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan berlen ýurduna dolanyp barmak üçin şahadatnama ýa-da onuň nusgasy;
18. Pasport almak üçin ýüz tutýan adamyň barmak yzynyň (yzlarynyň) alynmagyna, şeýle hem onuň goluny çekmäge päsgel berýän ýagdaýlaryň bardygyny güwä geçýän degişli resminama ýa-da lukmançylyk delilhatlary;
19. Daşary ýurt döwletiň (döwletleriniň) raýatynyň pasporty (pasportlary) ýa-da onuň (olaryň) ornuny tutýan resminamasy we onuň nusgasy, şol resminamalar bar bolan halatynda;
20. Zerur halatlarda beýleki resminamalar hem talap edilip bilner.
Bellik: Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin talap edilýän resminamalaryň Sanawyna laýyklykda arzaçy tarapyndan haýsydyr bir resminama berilmäge mümkinçilik bolmadyk halatynda onuň arzasy we oňa goşulan beýleki resminamalary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň rugsady boýunça kabul edilip bilner.
http://migration.gov.tm/tm/inostarnnym-grazhdanam-tm/
Migrasiýa bilen baglanşykly soraglaryňyz üçin
Atavatan Danışmanlık LTD şirketi
Aksaray mahallesi Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Kat:4 Fatih/ İstanbul
E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com
Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)
Telefon : +90 212 550 61 49 (Türkiye
Migrasiýa bilen baglanşykly beýleki habarlarymyzy okamak üçin :
Migrasiýa bilen baglanşykly käbir soraglara jogaplar
http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MTMxMA==
Migrasiýa Gullugy : Lebap welaýatynyň Ýaşaýjylary
http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MTM0Ng==
Migrasiýa Gullugy : Bäş Sorag- Bäş Jogap
http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MTI5Ng==
Migrasiýa Gullugyndan: Köp Soralýan Soraglara Jogaplar
http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MTI4Nw==
Migrasiýa Gullugyndan Daşary ýurtlarda okaýan talyplara
http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MTI4MA==
Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)
Resmi Facebook Hasabymyz üçin :
https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/
Resmi Line Hasabymyz üçin
https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal
Line İD : @atavatanjournal
Resmi Twitter Hasabymyz üçin
https://twitter.com/AtavatanJournal
Resmi Linkedin Hasabymyz üçin
https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/