GENERAL

Meniň şapagym

Soradylar menden bagtyň syryny

Birneme oýlandym durmuşym hakda

Haçan nirede näwagt neneň

Özümi bagtly bagtyýar saýdym

 

Asudalyk bolsa ýürek töründe,

Öňkülerdeý ynjamasa gursagyñ

Sähel zada joşup galkynsa göwün

Ana şol mysaly bagtly boldum

 

Buýsanyp ýaz-gyşyň ajap görküne

Özümi perwana kepderi saýdym

Ganatlamy ýaýyp ýüregim joşup

Ana şol pursatda bagtyýar boldum

 

Joş sen göwün,joşmazlyga ýol berme

Kimseler ýykmasyn mynasyp bagtyñ

Men asuda, azat hiñlenen wagtym

Özümi üýtgeşik bagtly saýdym

 

Selbi Nuryýewa, 

Mary welaýatynyň ýaşaýjysy

Related posts

Italian Language Week 2025 in Ashgabat: Strengthening Cultural and Educational Ties

The sample edition of the “Makul Habar” electronic publication has been released

TEIF 2024: Azerbaijani Businesses Eye Investment Opportunities in Turkmenistan