JEMGYÝET

Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň peýdasy

Hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu syýasata laýyklykda, 1-7-nji sentýabr aralygynda asylly däbe öwrülen Milli ene süýdi hepdeligi geçirilýär. Bu hepdelik çagalaryň saglygynyň berkidilmeginiň bähbidine ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamaga we wagyz etmäge gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi “Türkmenistan” gazetinde habarnama ýaýratdy.

Şoňa görä, hepdeligiň dowamynda ene süýdüniň peýdasy barada giň jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, maglumat bermek-düşündiriş işleri guralýar. Şunuň bilen baglylykda, sentýabr aýynyň birinji on günlüginiň dowamynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde telefon boýunça hünärmenleriň maslahatlary guralýar.

Kiçi ýaşly çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmek meseleleri boýunça sagat 10:00 — 17:00 aralygynda  şu telefon belgileri: 36-82-01; 36-82-04, (11-42; 10-75 içerki telefon belgileri) arkaly ene-atalary gyzyklandyrýan sowallary berip bolar.

Ýene-de okaň

Türk ministri: türkmen gazy 1,5 million hojalygyň zerurlyklaryny üpjün eder

Oraza aýy-2025 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri