SIZDEN GELENLER

Dünýäniň iň uly çöli

Afrikanyň demirgazygyndaky 8 million km2 çägi bolan Sahara çöli sary reňkli çägeler bilen örtülip, dünýäde iň köp meýdany tutýandygy bilen tapawutlanýar. Bu çölüň ýene-de bir aýratynlygy onuň çäklerinde daşlyk çöllügiň hem has giň ýaýranlygydyr.

Takmynan, 100 million ýyl mundan ozal Sahara çölüniň ýerleşýän ýerinde durmuş gaýnap-joşupdyr. Alymlaryň pikiriçe, ozal bu ýerde ullakan derýa ulgamy bolupdyr. Şol
döwürde Saharada dürli uçýan süýrenijiler, häzirki krokodillere meňzeş gorkunç
ýyrtyjylar ýaşaýardy. Paleontologlar gözleg geçirip, häzirki Saharanyň çäginde millionlarça ýyl ozal şol döwrüň iň iri ýyrtyjy dinozawrlarynyň ýaşandygyny anykladylar. Muny tassyklaýan tapyndylar Marokkanyň günorta-gündogaryndan tapyldy. Alymlar Saharanyň gadymy döwürde Ýer ýüzünde iň howply ýer bolandygyny bu sebitiň ýyrtyjylaryň esasy iýmiti bolan balyklara baýdygy bilen düşündirýärler.

Dünýäniň iň uly çöli barada kabir maglumatlar:

  • Sahara ýer ýüzündäki iň uly yssy çöl. Şol bir wagtyň özünde, meýdany boýunça Antarktikadan soňra bu görkeziji boýunça ýer ýüzünde 2-nji orny eýeleýär.
  • Sahara Afrika ýurtlarynyň 10-dan gowragynyň çäginde ýerleşýär.
  • Gyzykly bir hakykat, Saharanyň meýdany her ýyl 6-10 km giňelýär.
  • Saharanyň iň beýik nokady Emi-Kusi wulkany – 3415 m.
  • Saharadaky gum gyş gijelerinde gaty sowuk bolýar.
  • Saharanyň meýdany Awstraliýanyň meýdanyndan has uludyr.
  • Saharanyň aşagynda ýerasty suwlaryň ullakan howuzlarynyň bardygy bellenilýär.
  • Soňky gözleglere görä, takmynan 6 müň ýyl ozal häzirki Saharanyň çäginde hasylly toprak, suw howdanlary we dürli ösümlikler bar eken.
  • Saharanyň daglyk ýerlerinde -15 ⁰С temperatura duş gelmek bolýar. Şeýle hem bu döwürde gar ýagýan pursatlary hem bar.
  • Sahara çölündne hem kerwenli söwda ýollayr geçipdir. Käwagt şeýle kerwenlerde düýeleriň sany 12 000 adama ýetip bilýän eken.
  • Statistikalara görä, Sahara çölünde 1 km² üçin 0,4 adam düşýär.
  • Her ýyl Saharada 20 mm-e çenli ygal düşýär.
  • Çölde ýaşaýan haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň umumy sany 4000 töweregi.

Şirhan Hangeldiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Bedewler – milli buýsanjymyz

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika