Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu dabara iki doganlyk döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Şeýle hem bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Ony Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy, Stambul şäherindäki Baş konsullygy, Türkiýe Respublikasynyň Izmir welaýatynyň Konak etrap häkimligi hem-de Izmir şäheriniň milli kitaphanasy bilelikde gurnady.
Dabarada Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” hem-de beýleki kitaplarynyň ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi. Dabara Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly Myrat Seýitmämmedowyň çykyşy bilen başlady. Dabarada Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Işanguly Amanlyýew, Izmiriň Konak etrabynyň häkimi Abdul Batur, Izmir Milli Kitaphanasy Fondynyň Başlygy Ulwi Pug we Ege Uniwersitetiniň Türk Dünýäsi Institutynyň başlygy Professor doktor Fikret Türkmen çykyş ettiler. Dabarada şeýle hem hukukçy Perman Saryýew we talyp Gülpam Gulmedowa söz sözlediler.
Dabara Türkiýe Respublikasyndaky Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýetiniň baş sekretary Uktam Islamkulow hem gatnaşdy. Bu ýerde Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti sergi gurnap, şol ýerde ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryny görkezildi. Şeýle hem dabara gatnaşyjylara halkara “Atawatan Türkmenistan” Žurnaly berildi.