ABŞ-da prezident saýlawlary geçirilýär. 3-nji noýabrda başlan saýlawlar boýunça ses berlişlikler tamamlandy.
Ýurduň häzirki Prezidenti Donald Tramp Respublikanlar partiýasynyň dalaşgäri hökmünde ikinji möhlet üçin bäsleşýär. Onuň esasy garşydaşy Demokratlar partiýasynyň dalaşgäri Josef Baýdendir. Baýden ozal ABŞ-nyň 44-nji Prezidenti Barak Obamanyň orunbasary bolup işläpdi.
BAÝDEN ÖŇDE BARÝAR
“Foxnews” teleýaýlymynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, Aşgabat wagty bilen 13:00-da Josef Baýden 66 million 767 müň 560 (49.8%) ses aldy. Şol döwürde Tramp üçin 65 million 114 müň 723 (48.6%) ses berdi.
Ýöne Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda prezident saýlawynyň netijesini ýönekeý saýlawçylar däl-de, eýsem dürli ştatlaryň 538 wekili bolan saýlaw delegatlary kesgitleýär. Her ştatdan saýlaw delegatlarynyň sany ilata proporsional bolup, 3-den 55-e çenli üýtgeýär. Dalaşgär ştatyň ilatynyň 50% -den gowragy tarapyndan goldanýan bolsa, ähli saýlaw delegatlarynyň sesini alýar (Maýn we Nebraskadan başga hemme ýerde). Tutuş ýurt üçin ýeňiş gazanmak üçin azyndan 270 saýlaw delagatynyň sesini almaly.
Saýlaw delegatlarynyň sany boýunça Jozef Baýdeniň görkezijisi 238, Trampyňky bolsa 213-e deňdir. 270 delegat sanyna ýeten dalaşgär ýeňiji bolýar.
Şeýle hem ABŞ-daky bu ählumumy saýlawda diňe prezident we onuň orunbasary däl, eýsem senatorlary, Wekiller palatasynyň agzalaryny, 13 ştatyň gubernatory we ýerli dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylaryny hem saýlamak üçin ses berilýär.
ŞU GEZEKKI SAÝLAWYŇ AÝRATYNLYKLARY
- Koronawirus pandemiýasy sebäpli saýlawlarda şahsy gigiýenanyň talaplary berk berjaý edilýär.
- Saýlawçylaryň belli bir bölegi poçta arkaly ses berýärler.
- Belli bir bölegi saýlaw okruglaryna gidip ses berýärler.
- Ozalky saýlawlardan tapawutlylykda bu gezek saýlawçylaryň köp bölegi wagtyndan öň ses bermek işine işjeň gatnaşdylar.
- 100 million saýlawçy wagtyndan öň ses berdi. “USA Today”-iň maglumatyna görä, bu görkeziji 2016-njy ýyldaky saýlawlardaky ähli sesleriň 70 göterimine deňdir.
Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy