DÜNÝÄ

ABŞ-da prezident saýlawlary: Ştatlar boýunça sesler sanalýar

Dünýäniň ähli ýerinde uly gyzyklanma döreden ABŞ-daky prezident saýlawlarynda ses berlişikler tamamlandy. Ştatlar boýunça sesleriň sanalmagy dowam edýär.

Ýurduň döwlet Baştutany wezipesine Respublikan partiýasyndan Donald Tramp bilen Demokratlar partiýasyndan Josef Baýden dalaş edýär. Häzirki wagtda gyzgalaňly bäsleşik şu iki dalaşgäriň arasynda geçýär.

Umuman, ýurtda ählumumy saýlawlar geçirildi. Ýurduň prezidenti we wise-prezidenti bilen bir hatarda 35 senator, Wekiller palatasynyň 435 agzasy, 13 ştatyň gubernatorlary hem-de ýerli dolandyryş organlarynyň ýolbaşçylary hem saýlanýar.

HÄZIRLIKÇE BAÝDEN DELEGATLARYŇ SANY BOÝUNÇA ÖŇDE BARÝAR

ABŞ-nyň “Fox” hem-de “CNN” ýaly teleýaýlymlary saýlawyň netijeleri boýunça göni ýaýlymda maglumatlary yzygiderli okyjylar köpçüligine ýetirýärler.

Aşgabat wagty bilen 11:00 töweregindäki netijelere görä, Demokratlaryň dalaşgäri Jozef Baýden eýýäm 237 delegatyň sesini aldy, Respublikanlaryň dalaşgäri Donald Tramp  bolsa 210 delagat sesine eýe boldy.  Ýeňiş gazanmak üçin delegatlaryň 270-siniň sesi gerek bolýar. Bu barada “Fox News” habar berýär.

Jozef Baýden 62 million 105 müň 415 ses aldy (49.8%), onuň garşydaşy Tramp bolsa 60 million 543 müň 470 ses (48.6%) aldy.

Saýlawlar koronawirus ýokanjy sebäpli ähli arassaçylyk düzgünleri berk berjaý edilip geçirilýär. Saýlawçylar poçta arkaly ses berdiler. Şeýle hem saýlaw okruglaryna gidip, ses beren saýlawçylaryň hem köpdügi üns çekdi. Umuman, saýlawlara saýlawçylaryň gyzyklanmasynyň ýokarydygy bellenildi. Wagtyndan öň ses bermäge takmynan 100 milliona golaý saýlawçynyň gatnaşandygy mälim edildi.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär