Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda tebigaty goramak hem-de tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda uly işler geçirilýär, degişli kanunçylyk kämilleşdirilýär. Türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleri döwlet goraghana çäklerinde ygtybarly goralýar. Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ulgamda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygynda işjeň orny eýelemek hem-de BMG-niň binýat goýujy tebigaty goraýyş boýunça ylalaşyklaryny tassyklamak bilen, möhüm ekologiýa meseleleriniň oňyn çözgüdine, öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda suw we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmäge we topragyň zaýalanmagyna garşy göreş babatynda toplumlaýyn işler geçirilýär, munuň özi öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, obasenagat toplumynyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek esasynda suw we oba hojalyk pudagyny okgunly ösdürmek bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir. Ägirt uly giňişlikleri we täsin tebigy aýratynlyklary bolan Garagum sährasy ýurdumyzyň esasy tebigy ajaýyplyklarynyň biri bolup durýar. Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýyna yzygiderli üns berýän hormatly Prezidentimiz onuň baý ösümlik we haýwanat dünýäsiniň saklanmagynyň, onuň geljek nesillere ýetirilmeginiň, eko ulgamyň gaýtalanmajak aýratynlyklaryny ulgamlaýyn esasda mundan beýläk-de ylmy taýdan öwrenmegiň, abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak arkaly ýola goýulýan hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň wajypdygyny belleýär.
Ýurdumyzda BMG we beýleki halkara guramalary tarapyndan döredilen halkara günleri bellemeklik halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini has hem artdyrýar. Daşky gurşawy goramak, tebigaty rejeli peýdalanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak maksady bilen döredilýän halkara günlerini halkara hukugynyň doly hukukly agzasy hökmünde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellemeklik ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini artdyrýar. Şeýle halkara günleriň biri hem her ýylyň 5-nji dekabrynda bellenilip geçilýän Bütindünýä toprak günüdir.
2002-nji ýylda Halkara toprak ylmy bileleşigi toprak baýlyklarynyň ähmiýetini we ekosistemalary gorap saklamakda we adamyň abadançylygyny ýokarlandyrmakdaky ähmiýetini artdyrmak maksady bilen, 5-nji dekabrda Bütindünýä toprak gününi bellemäge çagyrýan karar kabul etdi.
2013-nji ýylyň iýun aýynda FAO-nyň (Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasy) geçiren konferensiýasynyň gatnaşyjylary Bütindünýä toprak gününi yglan etmekligi biragyzdan goldamagynyň netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde 5-nji dekabr – Bütindünýä toprak güni diýlip bellemeklik barada rezolýusiýa kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz çölleşmä garşy göreşmegi, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmagy, şorlaşan ýerleri dikeltmegi, oba hojalyk önümçiliginde täzeçil tehnologiýalary ulanmagy möhüm ugurlaryň hatarynda görkezdi. Daşky gurşawy goramak bilen baglylykda biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň ekologiýa ulgamy boýunça ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşygy ýola goýmak arkaly ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi babatda oýlanyşykly çäreleri işläp taýýarlamaga gatnaşýandygyny bellemelidiris. Şeýlelikde Türkmenistan BMG agza döwletleriň içinde ähli önümçilik işleriniň ekologiýa howpsuzlygy ölçeglerine tapgyrlaýyn esasda geçirilmegini nazarda tutýan howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýany kabul eden ilkinjileriniň biri bolup durýar. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde utgaşdyryjy halkara tagallalarynyň ählumumy işlerine goşulýan Türkmenistan umumy işe özüniň mynasyp goşandyny goşmaga örän jogapkärçilikli çemeleşýär.
Merjen Gurbannazarowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň,
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.
Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.