ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Bilbil Mämmedow: bagşynyň Bilbil ogly

Oňa köp adam «Bilbil däde» diýensoň, menem endik edipdirin. Öň onuň surata düşüren filmlerini teleýaýlymlarda, sahnalaşdyran oýunlarynyň köpüsini teatrlarda göremsoň, režissýordygyny hemem bagşy Mämmet Hallymämmedowyň ogludygyny, Türkmenistanyň halk artisti Mähri Annageldiýewa bilen dogandygyny bilýärdim. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyň eýesidigindenem habarym bardy, ýöne Bilbil Mämmedowy ilkinji gezek 2008-nji ýylda ýüzbe-ýüz gördüm. Şo mahallar häzirki «Nesil» gazetinde habarçy bolup işleýärdim. Gazetde alyp barýan «Pursatlar» rubrikam üçin gysgajyk söhbetdeş bolduk. Şonda Bilbil däde ýaşlyk ýyllary bilen bagly ynha, şu pursady gürrüň berdi. — Garry öýümizdäki suratly albomda kakam bagşy Mämmet Hallymämmedowyň Sahy aganyň Gyzylarbat wagon remont zawodynda ansambl açan wagtlary düzen topary bilen düşülen surat bar. Kakam ilki dilli tüýdükde hem-de öz ýasan gyjagynda saz çalyp başlaýar. Soň halk aýdymlary öwrenýär.

Ýadyma düşýär, Sahy aganyň belli-belli barýan öýleri bardy. Bir topar bagşy-sazandalar şol ýere ýygnanardylar. 6-7 ýaşlarymdaky oglankam kakamyň dutar-gyjagyny göterişip ýany bilen giderdim.1960-njy ýyllardy, Sahy aga Gyzylarbadyň Pürnüwar obasyna toýa gelipdir. O wagtlar ulag ýagdaýy kyndy. «Palutarka» maşyn bilen adamlar Sahy agany diňlemek üçin gitdiler. Ulagda ýer bolmansoň, kimdir biri meni gujagynda oturtdy. Toý ýerine bardyk. Barsak Sahy aga ýok eken. Ho-ol beýleräkde Sahy aga bilen Ata Ably egni donly gezmeläp ýör. Toý ýerinde bolsa, bagşy-sazandalar üçin düşek ýazylgydy. Emma Sahy aga: «Düşegi, ine, şu beýik baýyrda ýazyň» diýip, toý ýerden uzakda bolmadyk baýry görkezdi. «Näme üçin?» diýip, hiç kim soramady. Geň galdym. Şonda Sahy aga «Zelil göwnüm» diýen aýdymy şeýlebir aýtdy welin, sesi jülgä düşüp ýaň salyp dur. Märeke aňk boldy. Asyl ol gezmeläp ýörkä sesiň ýaňlanýan ýeriniň bardygyny bilip, şonuň üçin şol ýerde aýdan eken. Bir gijeläp aýdymyny diňledim. Meniň bilýänim iki gezek egin-başyny çalşyryndy. Sebäbi aýdym aýdanda onuň derden ýaňa üst-başy öl suw bolupdy. Şol gezek Sahy agany ilkinji gezek görşümdi. Soň-soňlar ol atam bilen salamlaşmaga gelerdi.

Kakamyň halydan dokalyp, gyrasy seçeklenen oturgyçly ullakan tigri bardy. Ol wagtlar her kim tigrini şeýdip bezeýärdi. Bir gezek ol maňa: «Oglum, bar git-de, Seýit kakaň tigrini alyp gel» diýdi. «Özünde tigir barka Seýit kakamyň tigrini näme etjekkä?» diýip geňirgendim. Onda-da sesimi çykarman, gidip alyp geldim. Kakam öz tigrini sürdi, maňa-da Seýit kakamyň tigrini sürdürip, myhmanhana bardyk. Ol ýerde Sahy aga bar eken. Onsoň Seýit kakamyň tigrini Sahy aga sürdi, menem kakamyň tigriniň yzynda oturyp öýümize geldik. Kakam Sahy aganyň ýadamazlygy üçin şeýden eken.

Atam mal soýup otyrdy. Günortan «Aýdym aýt» diýenlerinde, Sahy aga: «Agşam çykyşym bar, şonda diňläýiň, häzir gaty ýadaw» diýip, «Akmaýa gerek» sazyny çalyp berdi. Sahy agany ýatlanymda onuň şu aýdan sözleri ýadyma düşýär. Bir gezek içki otagymyzda saz çalyp gümra bolup otyrdym. Gapy açylan ýaly boldy, ýene yzyna ýapylandyr öýdüp üns bermändirin. Birden arka ýüzümde kakam bilen Sahy aga duran eken. Dym-gyzyl bolup, dutarymy ýygnadym-da: «Bagyşla, ýaşuly! Ýöne güýmenip otyrdym» diýdim. Sahy aga: «Saz çalaňda hiç zatdan çekinmegin. Öz öwreneniňe göwnüň ýetmese, köpçülikde çalmagyn. Halypanyň synagyndan geçeňsoň welin, menden gowy çalýan ýok diýip çalgyn — diýipdi.

Bilbil dädäniň bu gürrüňini şeýlebir aňsatlyk bilen kagyza geçirdim. Sebäbi ol aýdýan wakasyny gyzyklandyryp gürrüň bermäge ökde eken. Hakyky režissýor. Çagalygyndaky göz öňünde galan pursady ownujak detallary bilen bezäp, çeper beýan edip otyr welin, öz ýanymdan «hünärini dogry saýlap bilipdir» diýip içimi gepletdim. Häzirem şol pikirimde. Diýmez ýaly däl, bary–ýogy bir ýarym sahypalyk şojagaz ýazgyny gaýtadan okap görýän welin, onuň terjimehaly hakynda kän zatlary bilip bolýar. «Kakamyň halydan dokalyp, gyrasy seçeklenen oturgyçly ullakan tigri bardy» diýen sözlerinden olaryň maşgala ojagynda ussat halyçynyň bardygy öz-özünden düşnükli. Asyl onuň ejesi Nurtäç daýza ökde halyçy eken. Ol gyzlaryna-da haly dokamagy öwredipdir. Bilbil dädäniň aýdym-sazyň owazyndan gulagy ganyp önüp-ösendigi, sungat wekilleriniň sütün halypalarynyň ençemesini ýaşlykdan görendigi, öýlerinde myhmana goýulýan gadyr-gymmatyň neneňsidigi, ata-enesinden alan edep-terbiýesi, garaz,  hemmesine onuň şol aýdyp beren gysgajyk ýatlamasyndan göz ýetirip bolýar, ýöne onuň sungatyň başga-da kän ugurlaryndan baş çykarýandygyny welin, soň-soňlar bildim.

Ol bagşy, artist, zehinli sazanda, kino hem sahna režissýory, hudožnik, halypa mugallym. Bilbil Mämmedow  häzir 73 ýaşynda. Ol 1950-nji ýylyň 5-nji iýulynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde doglan. Alty ýaşyndaka köne türkmen elipbiýinde okamagy öwrenýär. Ýedi ýaşynda mekdebe okuwa barýar. Şonda ol eýýäm azda-kände okamagy öwrenensoň, Gogolyň «Derňewçi»  komediýasyny, Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanyny okap çykýar. Ol özbaşdak ilkinji okan kitaby bolansoň, Gogolyň «Derňewçi» atly kitabyny häzirem şahsy arhiwinde saklaýar eken. Onuň ýaşlykdan okamaga bolan höwesi uly bolupdyr. Kakasy, Mämmet aga Çärjewdäki mugallymçylyk mekdebiniň taryh fakultetini tamamlan ýokary bilimli mugallym bolupdyr. Ol 1939-1975-nji ýyllarda tä ömrüniň ahyryna çenli mugallym bolup işleýär. Mugallymçylyk kärinde esasy ugrundan daşgary aýdym-saz, surat sapagyndanam ýaşlara bilim beripdir. Mämmet aganyň öý kitaphanasynyň tekjelerindäki taryha, edebiýata, sungata degişli kitaplary Bilbil Mämmedow ýaşlykdan yhlas bilen okaýar. Ine-de, bir gün kakasy ondan ulalanda haýsy hünäre höwes edýändigi hakynda soraýar. Ogly bada-bat režissýor bolmagy arzuw edýändigini aýdanda Mämmet aga režissýorluk kärine baş goşjak bolsaň, edebiýaty, taryhy gowy bilmelidigini, aýdym-sazdan, surat çekmekden baş çykarmalydygyny düşündirýär. Şonda başga hiç zat diýmän, diňe «Bolýa kaka» diýip  jogap beren geljekki ussat režissýora kakasy aýdym aýtmagyň, saz çalmagyň inçe syrlaryny irginsiz öwredip başlaýar. Ol Bilbil dädä surat çekmegi, edebiýata, taryha degişli hem kän zatlary öwredýär. Munuň üstesine-de olaryň öýlerine köplenç sungatyň hem durmuş mekdebiniň baý tejribesini toplan tanymal adamlaryň ýygy-ýygydan gelmegi, olaryň dürli ugurlara degişli täsirli, gyzykly gürrüňleri Bilbil dädä ýaşlykdan ullakan durmuş sapagy bolýar. Kiçiliginden aýdym aýtmagy, saz çalmagy, surat çekmegi öwrenen Bilbil Mämmedow entek okuwçy döwri mekdepde hem-de şäher klubynda çykyş edip ukyp başarnygyny kämilleşdirýär. Ony eýýäm 16 ýaşyndaka şäher kinoteatryna hudožnik edip işe çagyrýarlar.  Teatrda görkezilýän kino filmlere yzygider tomaşa etmegi oňa kän zatlary bilmäge ýardam edýär.  Şeýlelikde ol 1968-nji ýylda synpdaşy hem dosty (häzir Türkmenistanyň halk artisti) Öwez Gelenow bilen paýtagta gelýärler we bile ekzamen tabşyrýarlar. Synagdan üstünlikli geçibem özleri ýaly 28 sany oglan-gyzlar bolup Moskwa okuwa gidýärler. 1968-1973-nji ýyllarda Moskwa şäheriniň M. S. Şepkin adyndaky ýokary teatral uçilişesiniň talyby bolýar.  Ol ýerdäki 30-a golaý teatrlarda goýulýan oýunlary görmek, muzeýlere gezelenç etmek onuň dünýägaraýşyny düýpgöter üýtgedýär. Çeper ýolbaşçysy Wladimir Bogrationowiç Monahow, aktýorçylyk ussatlygy sapagyndan ýedi sany respublikanyň at gazanan artisti W.K.Smirnow, Stanislawskiýniň elinden tälim alan hemem onuň sahnalaşdyrmagyndaky oýunda Gamleti oýnan Arkadiý Iwanowiç Blagonrawow, Ukrainanyň hem-de Russiýanyň at gazanan artisti Sergeý Wasiliýewiç Harçenko ýaly ussat mugallymlaryň elinde okaýar. Ol diňe aktýorçylyk ussatlygy sapagyndan dünýä belli tanymal mugallymlaryň ýedisinden tälim alypdyr. Bäş ýylyň dowamynda üç sany diplom iş goýýar. Birinjisi Wişnewskiýniň «Optimistik tragediýasy», ikinjisi Nikolaý Ostrowskiniň «Tupan» diýen oýny, üçünjisi Molýeriň «Jenap de pursonýak» komediýa-baleti. Okuwyny tapawutlanan diplom bilen gutaryp ol, öňki Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatryna işe gelýär we 1973-1982-nji ýyllar aralygynda şol ýerde artist bolup Maýagözel Aýmedowa, Aman Baýramberdiýew, Oguldurdy Mämmetgulyýewa we başga-da birnäçe halypalar bilen işleýär. On ýyl töweregi işlänsoň, ol ýene 1982-1984-nji ýyllarda Moskwanyň režissýorlaryň we ssenariýaçylaryň ýokary kursunyň talyby bolýar. Ol ýerde ilki Emil Lotýanu atly kinorežissýoryň ussahanasynda bir ýyl okaýar. Soňra ikinji ýylda režissýor Sergeý Solowýowyň sazly filmleriň ussahanasyna geçip okaýar. Bu mugallymynyň özbaşdak dünýäsi, üýtgeşik işleýiş ussatlygy Bilbil dädäniň diýseň göwnünden turýar. Başga-da öňki SSSR döwri kino sungatynyň düýbüni tutan Sergeý Ýutkewiç-Trauberg ýaly ýaşuly halypalardan sapak alýar.  Mundan başga-da Eldar Rýazanow, Aleksandr Mumma, Wladimir Menşow, Georgiý Daneliýa, Wladimir Aleksandrowiç Grammatikow, Anatoliý Wasilýew, Elem Klimow, Sawwa Kuliş, taryh boýunça «Gadymy türkiler» atly türki milletler hakynda iň gowy eser ýazan, ýazyjylaň biri Lew Nikolaýewiç Gumilýowdan, kinodramaturgiýadan Mereşko, Wasiliýew, Saharow, Wladimir Menşow, Çernyh dagydan sapak alýar. Döredijilik tejribesini geçmek üçin Bilbil dädäni Mosfilme ugradýarlar. Ol ýerde şo mahallar Şweýser atly režissýor Gogolyň «Mýortwyýe duşi» atly eserini ekranlaşdyrýan eken. Iň esasy zat Bilbil däde şol ýerde aktýor Smoktunowskiý bilen tanyşýar we ondan kän zatlar öwrenýär. Dünýä belli aktýor Bilbil dädä: «Kyn zat ýönekeýje zatlardan düzülýändir. Iň bir gözel, beýik ymaratam kerpiçden düzülýändir. Kerpiçleň dürs bolmalydyr» diýip maslahat berýär. Bir ussahanada bäş oglan bolup okaýarlar, Türkmenistandan Aman Jumaýew ikisi. Bu ýerde ol diplom işi üçin «Garly atly» filmi, Aman Jumaýew «Awçy Aşow» atly filmi surata düşürýär. «Türkmenfilmiň taryhynda bolmadyk bir ýagdaý. Biziň şol filmimiz şo döwürde «Bütinsoýuz ekranda çykarylmaly edildi. Şondan soň filmlerimiz daşary ýurtlarda geçirilýän festiwallara gatnaşdyryldy» diýip, Bilbil däde gürrüň berdi. Okuwyny tamamlansoň, «Türkmenfilm» studiýasyna işe ugradýarlar. Bu ýerde-de ol edebi esasyny özi ýazyp täze surata düşüren filmini Moskwa ugradýar. Moskwada-da ýokary kategoriýadan kabul edilýär. Meşhur artist Baba Annanowyň iň soňky  surata düşen ol filmini Bilbil däde soňra ýokary ýolbaşçylardan rugsat alyp Baba Annanowyň ýagty ýadygärligine bagyşlaýar. Drama we kino aktýory, kino režissýory hünärleriniň eýesi Bilbil Mämmedow «Gün hasaby», «Öz obamyň adamlary», «Daşmaňlaý», «Kelbagşy», «Heserli» atly filmlerde surata düşdi. «Nusaýda», «Şazadalaryň aýdymy», «Babagammar», «Nejep oglan», «Juwan kalbymyň owazy», «Göroglynyň sawçylary», «Nepes sen» atly oýunlary saz bilen bezedi. «Kepderi», «Arçaly adam», «Ýaşlygymyň aýdymy», «Şahandaz Japbaklar», «Ah, Weli, Weli» ýaly filmlere saz ýazdy. Şeýle hem «Arçaly adam», «Ah, Weli, Weli», «Türkmenler», «Şahandaz Japbaklar» filmleriniň hudožnigi, «Ýalançy», «Günlerde bir gün», «Garly», «Lebap nagmalary», «Ýaşlygymyň dessany», «Arçaly adam», «Merjen däneleri», «Ak altyn», «Ýaşlygymyň aýdymy», «Şahandaz Japbaklar», «Ah, Weli, Weli», «Enem sen» atly filmeleriň edebi esasyny ýazdy. «Perişdeler gijesi», «Juwan kalbymyň owazy», «Bles», «Ene toprak», «Görolynyň sawçylary», «Nepes sen», «Nurana şekiller», «Täze ýyl ertekisi», «Söýgi duralgasy», «Taýharjyk», ««Paýhasyň güýji», «Gündogar ýyldyzy», «Hüwdi», «Seň yşgyňda perwana» ýaly oýunlary sahnalaşdyrdy. «Ýalançy», «Garly», «Günlerde bir gün», «Ýaşlygymyň dessany», «Zawod söhbeti», «Arçaly adam», «Merjen däneleri», Şahandaz Japbaklar, Ah, Weli, Weli», Bagtyýar maşgala» atly filmleri surata düşürdi. Onuň döredijiligindäki eserleriň arasynda ulular üçinem, çagalar üçinem, şeýle hem daşary ýurt eserlerem bar. Bilbil dädäniň zähmet hem durmuş ýoly hakyndaky gürrüňlerini diňlemek üçin mundan bir ýyl töweregi öň onuň bilen telegepleşik taýýarladyk. Ol on doganyň biri eken. Bäş gyz, bäş oglan dogan. Tahyr, Bilbil, Batyr, Täzegül, Maralgül, Çary, Annagül, Maýa, Mahri, Bäşim. Ählisem öz hünärleri boýunça ýokary bilimli, köpüsem döwlet sylagyna mynasyp bolan halypalar. Mämmet Hallymämmedowyň ady dakylan çowlugy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamlan ýokary bilimli sazanda, sazçylyk mekdepde mugallym bolup işleýär eken. Söhbetdeşlikde alypbaryjy gelin oňa: — Bilbil däde, eger size «Çykdaýjyňyzy berip ähli şertiňizi döredýäs» diýseler näme hakda film surata düşürerdiňiz? — diýip sowal berende ol, bada-bat: «Garajaoglan hakynda film düşürerdim. Sebäbi men eýýäm ol baradaky filmiň edebi esasyny hemem sahna eseriniň pýessasyny ýazyp goýdum. Onsoňam şahyryň üç ýüzden gowrak goşgularyny topladym. Käbir goşgularyndaky aýdylmadyk bentlerini daşary ýurtlara gidenimde getirdim» diýip, bu ugurda ençeme ýyl bäri maglumat toplap ýörendigini gürrüň berdi. Şol pursat bu beýik şahyryň:

«Garajaoglan diýer indi nätmeli,

Mysapyrlyk, dogduk ýurda ýetmeli,

«Mundan git» diýýärsiň, gelen gitmeli,

Sen getirdiň meni «Gel» diýe-diýe…» diýip aýdyma öwrülen, ýüregiňi gyýym-gyýym dilip barýan setirleri gulagymda ýaňlanyp başlady. Şahyryň paýtagtymyzyň merkezinde gurlan seýilgähdäki heýkeliniň keşbi göz öňümde janlandy. Öz ýanymdan Bilbil dädäniň şahyryň döredijiligi bilen aýratyn gyzyklanmasynyň sebäbini bilesim geldi. Şol gezek gepleşik taýýarlamagy meýilleşdirenimizde alypbaryjy gelne: «Gülälek, gepleşigiň arasynda Bilbil dädeden dutar çalyp, aýdym aýdyp bermegini hökman haýyş etgin, golaýdan diňläli. Gepleşige gelmänkä öz döreden surat eserlerinem telegörüjilere ýetirmegi göz öňünde tutýandygymyzy aýdaly, onuň döreden surat eserlerinem synlarys. Onsoňam ondan iň gowy görýän dostunyň kimdigi hakynda sora! Belki, ol, has täsirli ýatlamalary aýdar» diýip pikir alyşdyk. Şonda Bilbil dädäniň döreden surat eserlerini synlanymyzda ol eserleriň köpüsi Garajaoglanyň goşgy setirleriniň sözsüz, reňkler bilen sazlaşdyrylan beýany ýaly duýuldy. Bilbil däde ezberlik bilen dutar çalyp, «Garagöz» halk aýdymyndan hem bir bent ýerine ýetirdi. Onuň aýdym aýdyşynda-da Garajaoglanyň söýgi temasyny beýan ediş näzikligi bar eken. Soňra ol iň ýakyn dostlarynyň biridigini aýdyp, dünýä belli kompozitor Nury Halmämmedow bilen bagly käbir pursatlary ýatlady. Onuň tolgunma bilen damagy dolup, gürrüň berip duran wakasynyň yzyny aýdyp bilmän ýüregine agram salyp durşuny görüp, alypbaryjy gelin ikimiz göz ýaşymyzyň nädip syrygyp gaýdanyny duýman galdyk. Gepleşigi ýazgy edip bolamyzsoň, Bilbil däde: «Ýaňky, tolgunma bilen bozulan ýerimizi gaýrat edip ýaýlyma bermäweriň!» diýip haýyş etdi. Indi pikir edip görýäs welin, ykbaly ýeňil bolmadyk meşhur kompozitor hakynda aýry teatrda iki gezek sahna eserini goýan Bilbil Mämmedowyň şol oýunlarynyň şowly çykmagy ilkinji nobatda onuň kompozitoryň eserlerine goýýan uly hormatydygyna göz ýetirýäs. Ýaş artistler: «Milli sungatymyzyň sütün halypalarynyň keşbini döredip, sahna oýnumyzyň şowly çykmagy halypalaryň yhlasly zähmetiniň netijesi. Režissýorymyz Bilbil Mämmedow ýetmiş ýaşdan geçen halypa. Onuň her birimize janyndan syzdyryp düşündirip, telim gaýta sahnada oturyp-turup edýän hereketlerinden ýaňa, soňa baka bogazy gurap gidýär. Janyna berekella, halypaň. Ýaşuly režissýoryň şeýle yhlasly işleýşiniň öňünde-de özümizi gaty borçly duýýas. Azabyny puja çykarmajak bolup yhlas baryny edýäs. Onsoňam onuň aýratyn bir gowy tarapy bar. Artistlere erkinlik berip, ýaş bolsaňam pikiriňi diňläp bilýär. Göwni ýetse aýdanyňy makullaýar. Ylalaşmasa, onda gaýtadan düşündirýär. Uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly. Onuň bilen işleşmek gowy» diýip, hoşallyklaryny aýdýarlar. Onuň şägirt ýetişdirmekde bitirýän şeýle uly hyzmatlaryna bolsa, ýaşlaryň ata-eneleri bolup alkyş aýdýarys. Sebäbi çagalarynyň höwes eden hünärinde ugrugyp gitmekleri, olaryň durmuşda öz käriniň hakyky eýesi bolmagy her kim üçinem uly bagt ahyry.

Arada Bilbil dädäniň kakasy Mämmet Hallymämmedowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli surata düşüren «Ýagşydan at galar…» atly dokumental  filminiň ýazgysyny gördüm. Film gaty täsir etdi. Gysga ömründe milli aýdym-saz sungatymyzyň damana ýolundan aýdan ajaýyp aýdymlaryny miras galdyran Mämmet Hallymämmedowyň durmuşyndaky bir pursady çagalyk ýyllarymy ýatlatdy. Mämmet aga oglan wagty bir gün Gyzylarbadyň Goç obasyndan özi bilen deň-duşurak Myrat Gurban atly sazanda gelýärmiş diýip eşidýär. Onsoň ol sazandany diňlemek üçin olaryň garyndaşlarynyň öýüne barýar. Şonda onuň ýaşlygyna garamazdan saz diňleýşini görüp, «Seniňem dutar çalasyň gelýämi? Me, al, diýýär welin, «Goňurbaş mukamy» sazy çalşy, şol duşuşykdan soň olaryň dostlaşyşy gaty täsir etdi. Sebäbi Myrat Gurban mugallym kakamyň ýanyna kän gelýärdi. Bir gün ejem bilen dokma dokap otyrdym. Öýmüze kakamyň ýany bilen bir adam myhmançylyga geldi. Ol gapydan girişine: —Tüweleme, halyçy gyz okuwa gideňokmy?— diýip habar gatdy. Kakam oňa: «Gyzymyz okuwa-ha höweslidi ýöne, mekdep ýaşyna 13 güni ýetmänsoň, bu ýyl okuwa almadylar. Ýogsa okamagy, ýazmagy gowuja öwrendi» diýip gürrüň berdi. Çaý –çörek iýlip bolnansoň, myhman meni ýanyna çagyrdy. Elindäki harplyk kitapdan harplaryň atlaryny sorady. Käbir harplary ýazdyryp gördi. Kakam mugallymdy.  Öýde okamagy, ýazmagy pugta öwredensoň, myhman harplyk kitabyň haýsy ýerinden sorasa okap berdim. Ol: —Gynanma gyzym, indiki ýyl mekdebe baranyňda iň ökde okuwçylaryň biri bolarsyň—diýip, kellämden sypady. Ýerimden turup ýörejek boldum welin: — Otur entek, harplary gowy öwreneniň üçin men saňa bir saz çalyp bereýin— diýdi. Goş torbasyndan gyjak saz guralyny çykaryp saz çalyp berdi. Saz tamamlanansoň: «Saz diňlemegem gowy görýän ekeniň, gyzym. Üns bilen diňlediň welin, bu sazyň adyny bilýäňmi?» diýip sowal berdi. Radioda bagşylar şu saza «Aý diýsem, aýa meňzär» diýip aýdym aýdýarlar, ýöne bu sazyň adyny bilemok diýdim. Myhman ýylgyryp kakamyň ýüzüne seretdi. Kakam: — «Meňzär» aýdymy radioda aýdýan bagşy hem nätanyş adam däl. Ol ynha, şu Myrat Gurban mugallymyň inisi Ata Gurbanow bolmaly— diýip düşündirdi. Indi pikir edip görýän welin, Myrat aga ýaşy boýunça Mämmet agadan kiçiräk bolmaly. Sebäbi onuň bagşy inisi Ata Gurbanow 1928-nji ýylda doglan. Filmde beýan  edilýän pursadyň üsti bilen Mämmet bagşynyň juda kiçigöwün bolandygy, onuň özünden uly bolsun, kiçi bolsun adam saýlaman birek-birekden öwrenendigine göz ýetirip bolýar. Bilbil dädäniň bu filmindäki taryhy maglumatlar biri-birinden gyzykly. Asyl biziň, kiçiligimizden aýdymlaryny uly höwes bilen diňläp ýören bagşy-sazandalarymyzyň köpüsi etrabymyzyň adamlary eken. Olaryň suratlary bilen filmde ýerleşdirilmeginiň özi  aýratyn bellenmäge mynasyp hem sogaply iş. Ikinjiden Mämmet aganyň arhiw maglumatlarynyň surata düşürilip filmde jemlenmegi göwnüme has ýarady. Hemme halypalar üçinem edilmeli iş hasap etdim. Her haçan gerek bolanda taýýar elektron maglumat. Bagşynyň ýaşan köçesindäki «Mämmet bagşy köçesi» diýlip ýazylan ýazgy, ýa-da onuň dürli ýyllarda Moskwada geçirilen ýaryşlara gatnaşandygy, ol ýerde alan Hormat hatlarynyň, bile işleşen bagşy-sazandalary, okadan okuwçylary, maşgala agzalary  bilen düşülen arhiw suratlaryndan öwrenmäge kän zat bar. Şol film arkaly Mämmet aganyň ýaşan döwrüniň wakalary bilen tanşyp bolýar. Iň esasy zat bolsa, ajaýyp aýdymlary bilen halkymyzyň ýüreginde ýaşap ýören ussat bagşynyň maşgala agzalarynyň şol miraslary aýawly saklap il halka ýetirmegi diýseň begendirdi. Bilbil Mämmedow häzir Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda işleýär. Şol filminde surata düşen artistleriň ählisi diýen ýaly şu teatryň artistleri. Munuň özi agzybirligiň, sungata bolan söýginiň subutnamasy.

Uly gyz wagtlarymyz haly dokamyzda hemişe radio diňlärdik. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirijilik aýratynlyklaryny eýýäm sazynyň ilkinji kakuwlaryndan bilýärdim. Kakam Baýramdurdy Garaýewiň, Kiçi Geldimyradowyň, Mämmet Hallymämmedowyň aýdymlaryny diňlände radionyň sesini has gataldardy. Özem şol aýdymlara sesini deň goşup hiňlenerdi. Mämmet Hallymämmedowyň «Al, Senem» aýdymy ýaňlananda  onuň: «Wah, ir gitdiň-dä» diýmesi bardy. Onsoňam ýene bir zat ýadyma düşýär. Kakamyň köneje «Moskwiç» ulagy bardy. Şol ulagy bilen ýola düşse köplenç ýany bilen menem alyp giderdi. Sebäbi ulagy ýolda öçse, yzyndan iteklemek üçin meni daýaw görüp äkidýärdi. Şonda obamyzdan uzakda bolmadyk ýol ugrunda goýlan belligiň deňinde ol hemişe aýat okap geçerdi.  Bagşy Mämmet Hallymämmedowyň ýol heläkçiligine uçrandygyny ýatlardy. Mämmet aga kakam bilen kärdeş bolansoň, bile ýygnaklarda kän sataşýan ekenler. Indi olaryň ählisi ýatlama öwrüldi. Mämmet aganyň repertuarynda 200-e golaý aýdymlary bolup, onuň «Görşeli», «Özge gerekmez», «Hal iki ýandan», «Dört gözel», «Armany men»,  «Getir», «Azerbaýjan», «Al, Senem» we başga-da ençeme aýdymlary radionyň altyn fondunda saklanýar. Şeýle, ussat bagşylarymyzyň biri Mämmet Hallymämmedowyň döredijiligine uly sarpa goýup, öz mähriban perzendi Bilbil Mämmedowyň kärdeşleri bilen film surata düşürmegi  halkymyzyň öňünde hyzmat bitiren halypalara goýulýan beýik mertebedir. Bagşynyň tutuş maşgalasy sungat wekilleri. Şu makalamyzyň üsti bilen olaryň ählisine sungat ýolunda uly üstünlikler arzuw edýäris. Şeýle hem iki ogluň kakasy, ýedi agtygyň atasy Bilbil dädä berk jan saglyk arzuwlap, ýan ýoldaşy Ogulnyýaz mugallym bilen döwletli maşgalasynyň uzak-uzak ýyllar hözirini görüp ýaşamaklaryny dileg edýäris.

Akgül Saparowa.

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri