ATAWATAN ESERLERİ

Yşk oduny ýakan gözler

(Oýlanma)

Asman- zemin arasynda ýyldyrym çakyp, topraga sary  mylaýym damjalar iner. Garly daglaryň gary eräp çeşme bolup  mes toprakly meýdanlary, baglary gyş ukusyndan  oýarmak üçin şildiräp akyp başlar. Ýere ýyly girende, meýdanlar gül-gülälege, ýaşyl mahmala bürener. Gyş ukusyndan oýanan baglar bahar ýeline mylaýymja yranyp, pyntyk ýaryp, gülläp başlar. Ine, şeýdip zeminiň söýgüsi − adamzadyň ýaşaýyş dowamaty  başlanar. Güller özleriniň atyr  ysyny çar ýana ýaýradar. Otlar − adam ýaşaýşynyň bir bölegi, ýaşyl dünýä − ýaşaýşyň manysy. Ýaşaýyş bolsa söýgüden başlanýar.

Ynsan söýgüsi tebigat söýgüsi bilen utgaşyp ylahy nura öwrüler. Söýgi − bu özüňi bilmekden, ykbal ýoluňy saýlamakdan, söýeniňe ynanmakdan, wepadarlyk-dan ybaratmyka diýýärin.

Çagalyk döwrümizde, biz hem uly oglanlar bilen bilelikde öz deň-duş oglanlarymyz bolup tebigaty synlamak üçin çöle ýa-da düze çykardyk. Şonda özümizden uly oglan- gyzlar hakda, entäk biz üçin nätanyş haýsydyr bir söýgi hakynda aýdym aýdanlarynda, biz hem şolara öýkünen bolardyk. Ýöne ulular şol bize nätanyş söýgi hakyndaky aýdymlary ýürekden aýdýarlarmy ýa-da başga  syry barmy olar has gowy aýdardylar. Bizem şolara öýkünip çynymyz bilen aýtmaga synanyşardyk welin, ulularyň kakabaşyraklary bize seňriklerini ýygryp, gülerdiler hem-de:“Söýgi, gyzlar hakyndaky aýdymlary her kim ýürekden aýdyp bilmez!” diýerdiler. Asyl seredip otursak, ol oglanlar söýgi diýen derde uçrap, aýdymy derman gözläp aýdýar ekenler. Olar şol aýdymlary bizden hem gabanyp öz ýanlaryndan söýgi oduny ölçerer ekenler.

Ýaşlygyň ýelgini bilen orta mekdebiň nähili geçip barýanynam  duýmandyryn.  Mekdepde göreldeli okuwçylaryň hatarynda iň soňky okuw ýylyna gadam basypdyk. Emma meniň üçin şol çagalyk döwrümdäki nätanyş diýip hasaplaýan söýgim entägem maňa doly aýan däldi. Okuw, alada bilen özümiň ulalanymy duýmandyryn. Mekdep okuwlary, sport tälimleri bilen berk bekäpdim. Men öz synpdaş gyzlarymyzyň birini özüme has ýakyn duýardym, näme üçindir biziň aramyzda hiç bir baglanşygymyz bolmasa-da, men ony beýleki oglanlardan gabanardym. Görüp otursam, söýgi−bu edil baharyň zemine gelşi ýaly eken. Dünýä ala-ýaza öwrülip, asman gümmezi bolsa altyn şugla saçýan ýalydy, köňlüm asmana telwas urýardy. Käwagt gözýetime seredip akylyny ýitiren telbe kimin ylgasym gelýärdi. Kalbymda ylgasam uçaryn, dünýäni görerin diýen duýgular döreýärdi. Ýüregim şeýle bir çalt urýardy. Men özümde bir üýtgeşik duýgynyň dörändigini, ýöne nämedigini bilemokdym. Meniň üçin hemme kim şeýle bir gowudy, mähirlidi we mylaýymdy.Şähdim açylyp hemme bilen gürleşibermelidi welin, meniň hiç kim bilen gürleşesim gelenokdy. Synpdaşlarymam, her kimem öz aladalary bilendi. Eýýäm uly gyz çykan gyzlar näz bilen ýöräp, seýkin basyp geçýärdiler.Ýigit çykan oglanlar hem öz aralarynda gyzlar, söýgi hakynda gürrüň edýärdiler.Men okuwymy  tamamlap barýardym, iň gowy bahalary alyp olary okuw döwrümiň iň soňky günlerine ýazýardym. Synpdaş gyzyma bolsa hiç kime duýdurmazdan öz ýanymdan guwanýardym. Bu zatlaryň şeýle hyjuwly, ynamly, kalbymyň kämilleşmeginde aň-düşünjesiniň beýik derejelere ýetmeginde beýik söýginiň ornunyň nähili uludygyna indi-indi göz ýetirip başlapdym.

Mekdep döwrümiziň iň soňky günleridi. Iň soňky jaňyň kakylmagyna az wagt galypdy. Gutardyş synaglary hem bize garaşýardy. Hemmeler synaglara taýýarlanýardy. Ynha, bu gün bolsa uly şatlyk-şowhun bilen iň soňky hoşlaşyk dabarasyny geçirmelidik. Synpdaşlarymyz bilen bu dabara uly tolgunma bilen başladyk. Dabaranyň dowamynda şahyrlarymyz goşgy bilen çykyş etse, aýdymçy synpdaşlarymyz öz aýdymlary bilen bu dabarany has-da gyzykdyrýardylar. Oglan-gyzlar bolup bilelikde iň gowy tanslary ýerine ýetirýärdik. Söýgi sözlerini tutuş okuwçylyk döwründe bir synpda okandygyna garamazdan, öz gowy görýän synpdaşyna hem söýgülisine aýdyp bilmedik oglanlar bu wagt şol söýgüsini duýdurmagyň ugrundady. Şolaryň içinde men hem bardym. Dabara has gyzgalaňly gidip durdy,ynha indi uçurymlaryň jübüt bolup tans ýerine ýetirmeli ýerine ýetipdik, bu düzgün mekdebimizde ýyldan- ýyla geçip, däp bolup galan düzgünleriň biridi. Bu tans öz gowy görýän gyzyňa ýürek söýgiňi duýdurmak üçin amatly mümkinçilikdi.Tansda gyz hem oglan bir jübüt bolup bilelikde hereket etmelidi. Men örän ýaýdanýardym, öz gowy görýän gyzym bir gyrada durdy, şol pursat men oňa tans teklip etmelidim, bu teklibi menden başga oglan edäýse, ol hem razy bolsa meniň iň uly höwesim, ynamym puç boljakdy, wagt çäklidi.Men bu pursady elden bermek islemedim, sebäbi bu meniň öz durmuş ýolumdaky aýgytlaýjy pursatlaryň biridi. Ynamymy bire baglap dogumly ädimler bilen bir gyrada duran synpdaşymyň, has dogrusy, meni yşk oduna salyp ýören gyzyň ýanyna bardym. Ilki aljyranam bolsam, men özimi ele alyp oňa bilelikde tansa çykmagy teklip etdim-de, jogaba garaşdym. Meniň teklibime çala ýylgryp baş atan gyz bilen tans meýdançasyna bardyk. Ine, birden gözler-gözlere çaknyşdy, men ol gözlerde diňe owadanlyk däl-de, eýsem mähir, mylakatlylyk hem duýdum, şol pursat zemin lerzana gelene dönüpdi,dünýä üýtgeşik ýalkym bilen ýagtylandyrylan ýalydy. Menem şol gözlere seredip doňup galdym, çünki bu pursatda asman-zemin ýüzünde şol gözlere deňäre zat ýokdy. Biz tansa başladyk, öz pikirimçe, halaýan gyzym hem meniň gözlerimden özüne bolan söýgini okaýan ýalydy.Men tans etmekden tejribäm bolmasa hem şol wagtky tans edişimden göwnüm hoşdy. Biz eli ele berip tans edýärdik, ýakymly saza goşulýan hereketleriň astynda men jadylanan ýalydym. Ýok “Ýalydym” däl bu hakykatdanam şeýledi. Gözleriň ýüregimde ýakan ody meniň bütin bedenime ýylylyk berýärdi. Damarlarymdaky gan söýgiden ot ýaly çabraýardy.

Daş-töweregimizde bizden başga hiç kim ýok ýalydy. Ol gözeliň gözleri bolsa bir meniň gözlerim bilen çaknyşýardy,birem çekinjeňlik we näz-kereşme bilen ýumulýardy. Men ol gözlerde bütin ykbalymy, durmuşymy gördüm. Ine, men özümde dörän üýtgeşik duýgularyň, galagoply hereketlerimiň näme sebäpdendigine indi düşünip galdym.Söýgi, aşyk-magşuklar hakda dessanlary, uly göwrümli eserleriň birnäçesini okapdym. Şol eserlerdäki wakalary yzarlaýardym. Gahrymanlaryň edermenligi, ugurtapyjylygy meniň üçin gyzyklydy. Ýöne öň maňa aşyk-magşuklaryň käbir hereketleri düşnüksizdi. Şasenemiň yşgynda Garyp niçe ýyllar aýralykda gezdi, Zöhre diýip Tahyry derýadan akdyrdylar. Barybir, nähili kynçylyk päsgelçilik bolanda hem söýgi ody öçmez ot ekeni. Bu zatlara dessanlardaky, rowaýatlardaky söýgi başdan geçirmelerine,ýar ýolunda jepa çeken magşuklaryň derdine men indi, ýagny, hut özüm söýgä uçramsoň düşündim.

Yşk heser etmese ýanmaz çyraglar,

Yşka düşse guşlar eňrär, gurt aglar.

– diýip Magtymguly atamyz hem öz goşgusynda yşky heseriniň güýjüni şeýle görkezýär.

Durmuşymda yşkyň oduny ýakan şol gözleriň meniň durmuş ýolumyň çyragy bolmagyny arzuwlap, ýokary okuw jaýyna synanşdym. Bagt gelse goşa-goşadan geler ekeni. Ýokary okuw jaýyna girmegim meniň bilim derejämiň synagy bolsa, şol ajaýyp gözleriň eýesi şol owadan gyzyň meniň söýgime beren jogaby bolsa ömrümiň synagydy.

Bildim ýaryň gözünde ýaşaýşyň durky nä?

Ýaşaýyşam üýtgeşik çümseň söýgi deňzine.

Yşk oduna tutaşdym, Allam ömrüm nur eýle,

Söýgiden doly gözler kuýaş bolsun bagtyma.

 

Sapa Pirnazarow,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň

Harby-deňiz institutynyň 4-nji ýyl harby talyby.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri